Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Ýagyşly ýaryşda Peres ýeňiş gazandy

SalamNews
Sport / Awtosport
Ýagyşly ýaryşda Peres ýeňiş gazandy

Formula 1 boýunça möwsümiň 17-nji ýaryşy Singapurda geçirilip, ýagyş sebäpli giç başlan bäsleşikde «Red Bulluň» meksikaly sürüjisi Serhio Peres ýeňiji boldy.

Ol geçirilen 59 aýlawlyk (aslynda 61 aýlaw bolmalydy, ýöne ýagyş sebäpli, giç başlan ýaryş wagta garşy geçirildi) ýaryşda ilkinji aýlawda birinji başlan Şarl Leklerden öňe saýlanyp, bäsleşigi 2 sagat 02 minut 20,238 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 4-nji ýeňşidir.

Howpsuzlyk ulagynyň ençeme gezek trassa giren ýaryşynda «Ferrari» toparynyň sürüjileri — monakoly Şarl Lekler bilen ispaniýaly Karlos Saýns Junior, degişlilikde, 2-3-nji orunlary eýelediler. Lekler ýeňijiden 2,595 sekunt, Saýns bolsa 10,305 sekunt gijä galdy. 6 sürüjiniň tamamlap bilmedik bäsleşiginde 4-5-nji orunlara «MakLaren» toparynyň sürüjileri Lando Norris (Beýik Britaniýa) bilen Daniel Rikkiardo (Awstraliýa) mynasyp boldular.

Sanawyň lideri, «Red Bulluň» niderland sürüjisi, soňky çempion Maks Werstappen Singapur «Gran Prisinde» 7-nji orun bilen kanagatlanmaly boldy. Bu ýaryşdan soň onuň çempionlygy indiki ýaryşlara galyp, ol häzirki wagtda 2-nji ýerdäki Leklerden 104 utuk öňde barýar. Möwsümiň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda, Werstappeniň 341, Lekleriň 237, Peresiň 235 utugy bar. Formula 1-de nobatdaky ýaryş 9-njy oktýabrda Ýaponiýanyň Suzuka şäherinde geçiriler.

Iň täze habarlar

2-0-dan soň Dünýä Kubogyny gazanan oýunçylarynyň gollary bilen ýeňşini baýram etdi

Ispaniýanyň çempionatynda Madridiň «Atletikosy» öz meýdançasynda «Kadiz» topary kabul etdi.
SalamNews

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygyny geçirmek üçin BAE bardy

Ýurdumyzyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky nobatdaky duşuşygyny geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine bardy.
SalamNews

Aziýa oýunlaryndan ýene bir medal: Işanmyrat Ataýew kuraş boýunça ýaryşda üçünji orny eýeledi

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary tomusky Aziýa oýunlarynyň medal sanawynda 27-nji orny eýeleýär.
SalamNews