Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Alymlar: adam iň ýokary intellekte 70 ýaşda ýetýär

SalamNews
Saglyk
Alymlar: adam iň ýokary intellekte 70 ýaşda ýetýär

Jorj Waşington uniwersitetiniň lukmançylyk kollejiniň müdiri gartaşan adamyň beýnisiniň pikir edilişinden has plastikdigini öňe sürýär. Şol sebäpli-de, döredijilik işine ýaňy başlanlaryň içinde 60 ýaşdan uly adamlaryň köp bolmagy tötänden däldir.

Elbetde, gartaşan adamlaryň beýnisi ýaşlykdaky ýaly çalt işlemeýär. Ýöne esasy ýeňiş beýniniň çeýeliginde bolup, biz ýaşymyzyň ulalmagy bilen, dogry kararlary kabul edýäris we ýakymsyz duýgulara az duçar bolýarys. Wagtyň geçmegi bilen, beýnimizdäki miýeliniň mukdary köpelýär we 60 — 80 ýaşda ol iň ýokary derejä ýetýär. Bu madda neýronlaryň arasynda duýduryş signalynyň çalt ýaýramagyna kömek edýär. Megerem, hut şonuň üçin akyl ýetirişiň iň ýokary derejesi, takmynan, 70 ýaş diýip hasap edilýär.

Mundan başga-da, adam 60 ýaşdan soň bir wagtyň özünde beýnidäki iki ýarym şary ulanyp bilmek bilen, has çylşyrymly meseleleri çözmäge mümkinçilik tapýar.

Alymlar: adam iň ýokary intellekte 70 ýaşda ýetýär

Monreal uniwersitetiniň professory Monçi Ury gartaşan adamyň beýnisi iň az energiýa talap edýän ýoly tapyp, gerekmejek pikirleri azaldýar we meseläni çözmek üçin diňe dogry wariantlary saýlaýar diýip hasaplaýar. Bu boýunça geçirilen gözlegde berlen testler köp sanly ýaşlary bulam-bujarlyga sezewar etdi, 60 ýaşdan geçenler bolsa testlere dogry jogap berdiler.

Gartaşan adamyň beýnisiniň aýratynlyklary

  • Beýniniň neýronlary, pikir edilişi ýaly, ölmeýär. Diňe adam aň zähmeti bilen meşgullanmasa, neýronlaryň arasyndaky aragatnaşyk ýitýär.

  • Gartaşan adamlardaky gabat gelýän huşsuzlyk pikirleriň we ýatdan çykmadyk maglumatlaryň aşa köp bolmagy sebäpli ýüze çykýar. Şonuň üçin durmuşda gerekmejek zatlara üns berip ýörmek hökman däldir.

  • Adam 60 ýaşandan soň, nähilidir bir karar kabul edende, ýaşlar ýaly bir wagtyň özünde beýnidäki bir ýarym şary ulanman, ikisini hem ulanýar.

Netijede, adam sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barsa we doly akyl işjeňligine eýe bolsa, ýaşyň ulalmagy bilen, intellektual ukyplar azalmaýar, olar gaýta artyp, 80 — 90 ýaşa çenli iň ýokary derejä ýetýär.

Şonuň üçin garramakdan gorkmaň! Akyl taýdan ösmäge çalşyň! Täze usullary öwreniň! Durmuşa gyzygyp, dostlaryňyz bilen gatnaşyň, mümkin boldugyça, dünýä syýahat ediň! Ýalňyzlykdan daşda boluň, ýalňyzlyk islendik adam üçin howpludyr. Iň gowy zatlar entek öňde diýen pikir bilen ýaşaň!

Ýaşulularyň halkara güni gutly bolsun!

Iň täze habarlar

Çaganyň irki ösüşi boýunça trening geçirildi

Aşgabatdaky 16-njy Saglyk öýünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ÝUNISEF-iň we Ankara uniwersitetiniň guramagynda 2022-nji ýyl üçin «Çaganyň irki ösüşi» atly maksatnamasynyň çäginde saglyk hünärmenleri üçin birnäçe treningler geçirildi.
SalamNews

Änewde täze hassahana açyldy

Şu gün — 29-njy noýabrda Änew şäherinde Ak bugdaý etrabynyň durky täzelenen hassahanasy açylyp ulanmaga berildi.
SalamNews

Näme üçin ir säher bilen oýanmagy endik edinmeli?!

Näçede oýanmaly we eger-de, siz «giçki baýguş» bolsaňyz, nädip özüňizi bilbil ýaly adam edip terbiýelemeli?
SalamNews