
8-nji noýabrdan daşary ýurtly syýahatçylaryň, şol sanda türkmenistanlylaryň Birleşen Arap Emirliklerine barmaklary üçin ähli çäklendirmeler aradan aýryldy.
— Indi Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine barmak üçin PZR test barlagyny we sanjym alandygy baradaky resminamalary görkezmek zerurlygy aradan aýryldy — diýip, Russiýanyň syýahatçylyk assosiasiýasy habar berýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy hepdäniň duşenbe we çarşenbe günleri Dubaý şäherine yzygiderli uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýär. Duşenbe gününde uçar 19:10-da Aşgabadyň Halkara howa menzilinden uçup, Dubaýa ýerli wagt bilen 20:40-da barýar. Çarşenbe günlerinde uçar 07:55-de Aşgabatdan ugrap, Dubaýa 09:25-de barýar.
Ýakyn wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli awiakompaniýasy hem Türkmenistana yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär.