
«Türkhowaýollary» awiakompaniýasynyň oktýabr aýynda Türkiýeden Türkmenistana 14 sany ýörite uçar gatnawyny guramagy meýilleşdirýändigini ozal habar beripdik. «Türkhowaýollarynyň» uçar gatnawlarynyň ugry we wagty barada «SalamNews-a» beren maglumatyny siziň bilen paýlaşýarys.
Uçar gatnawlary her hepdäniň duşenbe, anna we şenbe günleri Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça amala aşyrylar. Uçar sagat 11:30-da Stambuldan uçup, 16:25-de Türkmenbaşy Halkara howa menziline gonar. Ol yzyna 18:25-de uçup, Stambula 19:50-de barar.
Ýeri gelende bellesek, Aşgabatda ýörite Türkiýä gitmek üçin wiza resmileşdirmek hyzmatyny ýerine ýetirýän «Gateway International» wiza hyzmatlary merkezi açyldy.
Wizanyň görnüşleri we nyrhy bilen bagly maglumatlar barada tanyşmak isleseňiz, şu ýere basyň.
Aşgabatdaky «Gateway International» wiza merkezi 2127-nji köçäniň (Garry Kuliýew köçesi) 88-nji jaýynda ýerleşýär.