
Meşhur faraon Tutanhamonyň mazarlygynyň tapylanyna 100 ýyl boldy. 1922-nji ýylda arheolog Goward Karter faraonyň içi altyndan, gymmat bahaly daşlardan, gap-gaçdan, heýkeljiklerden doly guburyny tapmagy başardy. Bu gymmatlyklar biziň eýýamymyzdan öňki XIV asyrda döredilipdir.
Meşhur gubur häzirki Luksor (gadymy Fiwa) şäheriniň golaýyndan tapylypdyr. Ol KV 62 belgisi bilen belgilenipdir. Häzirki wagtda bu guburyň nusgasy Luksor şäheriniň iň esasy ýadygärligi hasaplanýar.
Bu guburda tapylan gymmatlyklar Müsüriň Kair muzeýinde aýratyn bölümde görkezilýär.
