Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Hoş Syýahat: Türkmenistana syýahat etmek üçin ygtybarly hyzmatdaşyňyz

Ogulnur Pirjikowa. «SalamNews»
Jemgyýet / Syýahatçylyk
Hoş Syýahat: Türkmenistana syýahat etmek üçin ygtybarly hyzmatdaşyňyz

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ygtyýarlandyrylan wekili «Hoş syýahat» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň gözelligi we baý medeni mirasy bilen tanyşmak isleýän her bir adam üçin ajaýyp syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürleýär.

«Hoş syýahat» HJ syýahatçylyk maksatly wizalary almakdan, daşary ýurtly myhmanlara çakylyk ibermekden başlap, ýurduň dürli ýerlerine gezelençleri guramak we howa menzilinde garşy almak ýaly dürli hyzmatlary hödürleýär.

«Hoş syýahat» tarapyndan hödürlenýän esasy hyzmatlary:

Daşary ýurtly myhmanlar üçin çakylyklar: Daşary ýurtly myhmany Türkmenistana çagyrmak isleýärsiňizmi? «Hoş syýahat» daşary ýurtly myhmanlary çagyrmak üçin ähli zerur resminamalary taýýarlamaga kömek edýär.

Howa menzilinde garşy almak we myhmanhana ýerleşdirmek: «Hoş syýahat» HJ-niň tejribeli hünärmenleri Aşgabat halkara howa menzilinde daşary ýurtly myhmanlary mähirli garşylap, olary iň gowy myhmanhanalarda ýerleşdirmek hyzmatyny hem ýerine ýetirýärler.

Syýahatçylyk gezelençleri: «Hoş syýahat» Türkmenistanyň iň gözel ýerlerine şu aşakdaky taryhy sebitlere gezelençleri hem guraýar:

  • Gadymy Merw şäheri;

  • Soltan Sanjar mawzoleýi;

  • Kiçi we Uly Gyz-gala;

  • Beýik Ýüpek ýoly;

  • Ibn Zeýit mawzoleýi, Sardobalar;

  • Erk-gala we Gäwür-gala;

  • Nohur obasyna syýahat;

  • Köw-ata ýerasty köli;

  • Ahalteke atçylyk toplumy;

  • Gadymy Änew şäheri;

  • «Garaşsyzlyk» meýdançasy;

  • Türkmenbaşynyň Ruhy metjidi;

  • Nussaý-Parfiýa şalarynyň ýaşaýan şäherçesi;

  • Türkmenistanyň Milli haly muzeýi;

  • Berkarar söwda merkezi;

  • Aşgabat şäheriniň golaýyndaky «Altyn Asyr» gündogar bazary ;

  • Bitaraplyk binasy;

  • Köneürgenç ýädygärlikleri;

  • Köneürgençden soň (Garagumyň ýalkymy) Derweze gaz krateriri.

Ýeri gelende bellesek, «Hoş syýahat» hojalyk jemgyýeti Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýolagçy howa gatnawlary üçin awiabiletleri hem almaga ýardam berýär. Iň esasy bellemeli tarapy, «Hoş syýahat» edýän hyzmaty üçin awiabiletleriň üstüne hiç hili töleg almaýar.

«Hoş syýahat» — «Turkish Airlines» awiakompaniýasyndan Türkiýe Respublikasyna we Türkiýäniň üsti bilen daşary ýurtlara uçmak üçin awiabiletleri aňsatlyk bilen almakda iň gowy saýlawdyr. Häzirki wagtda «Hoş syýahat» hojalyk jemgyýeti 30-njy sentýabra çenli Türkiýe Respublikasyna we Türkiýäniň üsti bilen dünýäniň islendik döwletine uçmak isleýän ýolagçylara uly aksiýa yglan etdi. Awiabiletiňizi aňsatlyk hem-de aksiýa bilen almak isleýän bolsaňyz «Hoş syýahat» hojalyk jemgyýetine ýüz tutuň.

Salgylary:

  • Aşgabat şäheriniň 2127-nji (G.Kulyýew) köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Nowruz haly» binasynyň howlusy;

  • Aşgabat şäheriniň 1972-nji (Atatürk) köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 2-nji gaty;

  • Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Gülzemin» söwda we dynç alyş merkeziniň 2-nji gaty.

Telefon belgileri:

(+993 62) 46-37-37;

(+993 63) 24-74-94;

(+993 63) 24-39-34;

(+993 61) 72-77-88.

Iň täze habarlar

Aşgabatda ikinji klimat eko-festiwaly geçiriler

Festiwal sagat 12:00-da başlanar.
SalamNews

Balkan welaýatynda geçirilen döredijilik simpoziumy üstünlikli tamamlandy

Çäre Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
SalamNews

29-njy oktýabrda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň açylyş dabarasy bolar

Ýakynda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň meýilnamasy tassyklandy.
SalamNews