Şu gün
Aşgabat
31.1 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
31.1 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Bereketli türkmen saçagyndan, işdäňiz açyk bolsun!

SalamNews
Jemgyýet / Syýahatçylyk

Häzirki wagtda dünýäde gastronom syýahatçylygy uly ösüşe eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen aşhanasy uly mümkinçiliklere eýe bolup, daşary ýurtly jahankeşdelere halkymyzyň däp-dessurlaryny öwrenmek üçin iň bir «datly» ýoly teklip edýär.

Daşoguz welaýatyna barsaňyz, size hökmany suratda meşhur daşoguz palawyny hödür ederler. Bu palawy tüwiniň iň gowy görnüşlerinden, goýun etinden, palawa aýratyn tagam berýän arassalanan gowaça ýagyndan taýýarlaýarlar, elbetde, sogan bilen ýerli sary käşir hem goşulýar. Palawa hoşboý ys we süýji tagam bermek üçin deň dörde bölünen beýi miwesini hem goşýarlar. Daşary ýurtly jahankeşdeler üçin ýumurtgabörek hem üýtgeşik ýerli tagamdyr, mundan başga-da, kädili, ysmanakly börekleri hem dadyp görmek maslahat berilýär.

Bereketli türkmen saçagyndan, işdäňiz açyk bolsun!

Ahal welaýatynda siz, edil beýleki sebitlerde bolşy ýaly, kellebaşaýak tagamyny dadyp bilersiňiz. Ony goýun kellesinden we aýaklaryndan çorba görnüşinde taýýarlaýarlar. Bu tagam syýahatçylaryň köpüsi üçin nätanyş bolsa gerek. Ilki bilen, myhmanlaryň öňünde nahar käsesinde gyzgyn goýy çorba goýulýar, onuň ýanyndan gök otlary we tamdyrdan çykan gyzgyn çöregi äberýärler. Yzyndan hem goýnuň kellesi bilen aýaklary aýratyn tabakda hödür edilýär. Süňkünden syrylyp duran bişen et bölekleri agzyňda eräp gidýär. Bu tagam könelişen siňir dokumalaryny dikeltmäge, guragyryly, artrozly näsaglaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga, süňk dokumalaryny berkitmäge ýardam edýär.

Bereketli türkmen saçagyndan, işdäňiz açyk bolsun!

Eger siz Türkmenistanyň günbatarynda gadymy Hazary ýakalap oturan Balkan welaýatyna barsaňyz, onda deňiz baýlyklaryndan datman geçmersiňiz. Adatça, bu maksat üçin tirana, bekre, akbalyk hödürlenýär.

Bäş welaýatyň islendik birisinde size özboluşly hödür-kerem hökmünde kädiniň içinde buglanan etli tagamy teklip ederler. Ilki bilen, gaty sortly kädini saýlaýarlar, onuň «telpejigini» kesip aýyrýarlar we içini arassalaýarlar. Oňa duzlanan, burçlanan et bilen dogralan sogany, ownuk dogralan ýeralmany ýerleşdirýärler. Üstünden bir litr suw guýup, gapagyny ýapýarlar. Palçykdan suwalan tegelek tamdyry otlaýarlar. Otly közleri arassalanan ýerde kädini ýerleşdirip, daşyna közleri aýlap çykýarlar. Tamdyryň gapagyny ýapyp, bir sagat goýýarlar. Lezzeti aýdyp-diýer ýaly däl!

Bereketli türkmen saçagyndan, işdäňiz açyk bolsun!

Garagum sähralaryna barsaňyz, bu ýerde çarwadar türkmenleriň çöl şertlerinde etli gutaby nähili taýýarlandygyny görüp bilersiňiz. Goýun jylkasyny ownuk dogralan sogan bilen garyşdyrýarlar, duzlap, burçlaýarlar. Hamyry garyp, taýýar hamyry uly çörek ýaly birnäçe böleklere bölýärler. Ýaýylan hamyryň gyralaryny erňekläp, ýokarlygyna bükýärler, onuň içine dogralan, hurşlanan eti ýerleşdirýärler. Soňra ikinji hamyr tegelegini ýaýyp, onuň bilen ýaňky etli hamyryň üstüni ýapýarlar, gyralaryny barmaklap ýapyşdyryp çykýarlar. Iň gyzykly ýeri hem, çägäniň üstünde sazakdan ot ýakýarlar, gyzaran közler emele gelenden soň, ortasyny arassalap, gyzgyn çägäniň üstüne gutaby ýerleşdirýärler, onuň üstüni közler bilen ýapýarlar. Eýýäm bir sagatdan soň tagam taýýar bolýar, ony çägeden arassalap, gadymy çarwadarlaryň tagamyny iýmäge başlaýarlar.

Türkmen halkynyň milli aşhanasynda ýürlerçe özboluşly tagamlar bar. Olaryň islendik tagam saýhallaýan kişileriň islegini kanagatlandyrjakdygyna şübhe ýokdur.

Iň täze habarlar

Saud Arabystany Patyşalygynyň raýatlaryna Özbegistana barmak üçin wiza gerek bolmaz

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Saud Arabystanynyň raýatlaryna Özbegistana barmak üçin wiza gerek bolmaz.
SalamNews

«Pandora» emeli göwherlerden ýasalan şaý-sepleriň täze ýygyndysyny hödürledi

«Pandora» brendi ABŞ-nyň barlaghanalarynda döredilen emeli göwherlerden täze «Pandora Brilliance» ýygyndysyny hödürledi.
SalamNews

Resul Gylyjowyň nobatdaky konserti geçiriler

28-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçiriler.
SalamNews