Sazlamalar

Diller

TM

Altyn we kümüş medallar: «Bulvar» we «RealKola» türkmen brendleri «Prodexpo-2024» sergisiniň öňdebaryjylarynyň hatarynda

SalamNews
Jemgyýet

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleri 5 — 9-njy fewral aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde 31-nji gezek geçirilýän azyk önümleriniň, içgileriň we önümçilik üçin çig mallaryň «Prodexpo 2024» sergisiniň baýraklaryna eýe boldy.

Bäsleşigiň çäginde dürli içileriň önümçiligi bilen meşgullanýan 1500-den gowrak kompaniýanyň önümleri hödürlendi. Şol önümlerden 327-si baýraklar hem-de sertifikatlar bilen sylaglandy. Sergä 73 ýurtdan bolan taraplaryň 2660-dan gowragynyň, şeýle hem 120-den gowrak federal we sebit ulgamlarynyň gatnaşandygyny bellemek gerek.

«Prodexpo – 2024» segisinde «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzda uly meşhurlykdan peýdalanýan içgileri bilen birlikde, eksport etmek maksady bilen öndüren täze önümleri — «BOLD ENERGY 250 ml» hem-de «BOLD ENERGY 500 ml» içgileri-de hödürlendi. Bu önümler diňe halkara bazaryna çykarylar.

Altyn we kümüş medallar: «Bulvar» we «RealKola» türkmen brendleri «Prodexpo-2024» sergisiniň öňdebaryjylarynyň hatarynda

Segide «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleri iki ugur boýunça altyn hem-de kümüş medallara eýe çykdy. «Sagdyn durmuş ýörelgesi üçin önümler» ugry boýunça hödürlenen «Bulvar» mineral suwy altyn medala eýe boldy. Bu brend emeli mineral suwuny we limon tagamly gazly suwy birleşdirip, sarp edijilerine hem-de müşderilere kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan döredilen özboluşly tagamy bagyşlaýar.

«RealKola» atly alkogolsyz içgi bolsa «Innowasion önüm» derejesi boýunça kümüş medal bilen sylaglandy.

Bäsleşigi geçirmek boýunça komissiýanyň mejlisiniň serginiň dowamynda bolup geçendigini bellemek gerek. Bu ýerde bilermenler geňeşi hödürlenen önümlere baha berip, onuň innowasion häsiýetnamasyny tassykladylar.

Altyn we kümüş medallar: «Bulvar» we «RealKola» türkmen brendleri «Prodexpo-2024» sergisiniň öňdebaryjylarynyň hatarynda

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň iýmit önümleriniň howpsuzlygy boýunça FSSC 22000, hil menejmenti babatda ISO 9001: 2015 şahadatnamalarynyň, şeýle-de önümleriň dini standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan «Halal» şahadatnamasynyň bardygyny ýatladýarys.

«Prodexpo-2024» ýaly abraýly sergide gazanylan üstünlik «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň ýokary hilini we önümçilige innowasion çemeleşmesini tassyklaýar, şeýle hem türkmen öndürijisiniň halkara bazaryndaky eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge kömek edýär.

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň aragatnaşyk ulgamlary:

Telefon: (+993) 566 5-03-65; Email: info@yupekchi.com;

Saýt: www.yupekchi.com

Instagram sahypasy: @bold.drinks @bulvar.mineral @pokgijuice

Altyn we kümüş medallar: «Bulvar» we «RealKola» türkmen brendleri «Prodexpo-2024» sergisiniň öňdebaryjylarynyň hatarynda

Iň täze habarlar