Sazlamalar

Diller

TM

Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

SalamNews
Jemgyýet
Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

22-nji iýulda «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýa «SalamNews-a» habar berdi.

Uçar Stambul şäherinden 07:55-de uçup, Türkmenbaşy Halkara howa menziline 12:50-de gonar. Şeýle-de ol Türkmenbaşydan yzyna 14:50-de uçup, Stambula 16:15-de gonar.

Ekonom klas petekleriň bahasy 610 amerikan dollaryna barabar bolup, biznes klas petekleriň bahasy 1295 amerikan dollaryna deňdir. Petek almak üçin awiakompaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasyna ýüz tutup bilersiňiz. Ýanyňyz bilen 40 kilogram ýüki mugt almaga rugsat berilýär.

Türkmenistana gelýänler üçin soňky 48 sagadyň dowamynda COVID-19 test barlagynyň otrisatel netijesiniň bolmagy zerurdyr.

Iň täze habarlar