Yslam dünýäsiniň mukaddes aýy, beýik Magtymgulynyň sözleri bilen aýdylanda, aýlaryň ýagşysy, haýyr-sogabyň hem-de sabyrlylygyň nyşany hasaplanýan Remezan — Oraza aýy ýetip geldi.
Bu mukaddes aýyň öňüsyrasynda birek-birege gury ir-iýmişler, hurmadyr beýleki süýjülikler paýlanyp, ýagşy arzuw-dileg, niýet edilýär.
«Oraza geldi haý bilen,
Bir alaja taý bilen,
Taýym batga batanda,
Çykaryň haý-haý bilen.
Biz–ä sizi baý gördük,
Tüýnügňizde Aý gördük,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Köp bereniň ogly bolsun,
Az bereniň gyzy bolsun!» diýip, ýaremezan aýdýan çagalar Oraza aýynyň buşlukçylary hasaplanýar.
Şu ýyl Oraza aýynyň 1-i 23-nji marta, hepdäniň penşenbe gününe gabat gelýär.
Gadyr gijesi — 17-nji aprelden 18-nji aprele geçilýän gije.
Baýram namazy — 21-nji aprel.