Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabat — Dubaý ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary ýola goýuldy

SalamNews
Jemgyýet
Aşgabat — Dubaý ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary ýola goýuldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary üçin petekleri satyp başlady. Bu barada awiakompaniýa «SalamNews-a» habar berdi.

Habara görä, 30-njy maýdan Aşgabat — Dubaý ugry boýunça ilkinji yzygiderli howa gatnawy amala aşyrylyp başlanar. Bu ugur boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny her hepdäniň duşenbe güni amala aşyrmak göz öňüne tutulýar. Gatnawyň bir tarapynyň bahasy 6700 manat.

Uçar Aşgabatdan ýerli wagt bilen sagat 12:20-de uçup, Dubaý şäherine ýerli wagt bilen 13:50-de barar. Gaýdyşyn 15:20-de Dubaýdan uçup, 19:00-da Aşgabada geler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň COVID-19 bilen bagly halkara gatnawlaryň ýolagçylary üçin çäklendirmeleri baradaky maglumatlar bilen web saýtymyzda tanşyp bilersiňiz.

Iň täze habarlar