Sazlamalar

Diller

TM

«Lebap Handmade Export» dabarasy geçiriler

SalamNews
Jemgyýet
«Lebap Handmade Export» dabarasy geçiriler

Häzirki wagtda ýurdumyzda USAID guramasynyň Türkmenistanda telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek taslamasynyň çäginde «Handmade Export» maksatnamasyna badalga berildi. Şu mynasybetli, 31-nji martda «Lebap Handmade Export» dabarasynyň açylyşy bolar. Oňa lebaply senetçiler, el işleriniň ussatlary, üýtgeşik dizaýnly döredijilik eserleriniň muşdaklary gatnaşarlar.

Çäre Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçiriler. Senetçilik önümleriniň sergisine gatnaşyjylar bu ýerde «Handmade Export» maksatnamasynda üstünlik gazanan zananlar bilen ýakyndan tanşyp, maksatnama gatnaşmagyň düzgünlerini öwrenerler.

Umuman, «Lebap Handmade Export» çäresi işewür zenanlara öz telekeçiligini ýola goýmaga ýardam bermek maksady bilen geçirilýär.

Iň täze habarlar