Şu gün
Aşgabat
32.2 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
32.2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

«Soňky jaň» ýaşlaryň durmuşynda täze tapgyryň başlangyjydyr

SalamNews
Jemgyýet
Surata düşürenler Arslan Müllikow, Jumageldi Amangeldiýew

Şu gün — 25-nji maýda Türkmenistanda goşa baýramçylyk — Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy bellenýär. Orta mekdepde okuwy tamamlamak ýaşlaryň durmuşynda täze basgançagyň başlangyjydyr, uly durmuşa aýak basmak, durmuş ýoluny saýlamakdyr.

Türkmenistanda ýaşlaryň bilim almaga, işlemäge, hünäri, senetleri we iş ýerini saýlamaga, sagdyn we howpsuz iş şertlerine hukugy bar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda (1-nji madda) ýaşlara 14-den 30-a çenli ýaşdaky raýatlar degişlidir.

Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň wezipeleri şulardan ybarat: şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin şertleri döretmek; ýaş raýatlaryň hünär bilimini almagy üçin deň şertleri döretmek; ýaşlaryň zähmet bilen meşgullanmaklaryny üpjün etmek we olaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmek; ýaşlaryň telekeçiligini döretmek we ösdürmek üçin şertleri döretmek we başgalar (4-nji madda).

Mekdebi tamamlandan soň, her bir ýaş raýat öz okuwyny dowam etdirip biler. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hünär biliminiň maksatnamalary boýunça bilimiň aşakdaky derejeleri bellenýär: hünär-tehniki bilim derejesi; orta hünär bilimi derejesi; ýokary hünär bilimi derejeleri; ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi derejesi (9-njy madda).

Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan, bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär (4-nji madda). 

Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri, hünär bilimini almak üçin döwlet bilim edaralaryna okuwa kabul etmek arzalar boýunça bäsleşik esasynda amala aşyrylýar. Bäsleşigiň şertleri adamyň bilim almaga bolan hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň berjaý edilmegini we adamlaryň arasyndan degişli hünär biliminiň maksatnamasyny özleşdirmäge has ukyply we taýýarlykly bolanlarynyň kabul edilmegini üpjün etmelidir (18-nji madda). 

Döwlet orta we ýokary hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan talyplary okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar (18-nji madda)

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary döwlet hünär bilimi edaralaryna şu aşakdaky şertlerde kabul edilýär: 

  • altyn medal bilen sylaglananlar — döwlet (I orun) we halkara (ýeňiji) ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna (hünärine) giriş synaglaryna gatnaşmazdan; orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna gatnaşmazdan;

  • kümüş medal bilen sylaglananlar — döwlet (I ýa-da II orun) we halkara (gatnaşyjy) ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna (hünärine) degişli ders boýunça bir giriş synagyny üstünlikli (ýokary baha ýa-da ýokary bal) tabşyran ýagdaýynda; orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna gatnaşmazdan;

  • bürünç medal bilen sylaglananlar — döwlet (ýeňiji) we halkara (gatnaşyjy) ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna (hünärine) degişli ders boýunça iki giriş synagyny üstünlikli (ýokary baha ýa-da ýokary bal) tabşyran ýagdaýynda; orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna gatnaşmazdan.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar, maýyplygy bolan çagalar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalary, köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolan çagalar döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýär.

Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmeginde, zähmet öndürijiliginiň artmagynda, zähmet düzgün-nyzamynyň berkidilmeginde, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda we şunuň esasynda işgärleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaşlary önümçilige çekmekde, Türkmenistanyň her bir raýatynyň zähmete bolan hukugyny durmuşa geçirmekde durmuş-ykdysady kepilliklerini berkidýän hukuk kadalary uly ähmiýete eýedir. Esasy Kanunyň 49-njy maddasynda şular berkidilendir: her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr. Mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Bu hakyň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinden az bolup bilmez.

Milli zähmet kanunçylygy ulgamynda 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny wajyp orna eýe bolup, ol ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär. Bu kanuna laýyklykda (7-nji madda) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda döwletiň goldawyna mätäç adamlara döwlet kepillikleri berilýär. Olara bolsa ilkinji nobatda ýigrimi dört ýaşyna çenli çagalar öýlerinde terbiýelenenler, ýetim çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar; maýyplygy bolan adamlar; ilkinji gezek iş gözleýän ýaş hünärmenler degişlidir. 

Ýaş raýatlar telekeçilik işi bilen hem muşgullanyp bilerler. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda (1-nji madda) ýaş telekeçi diýlip ýuridik şahsy döretmezden we işi ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýa-da ýuridik şahsyň wezipe sanawyndaky işgärleriniň düzümine girýän, telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýaş raýat hasaplanýar.

Ýaşlar telekeçiligini goldamak çygrynda ýaşlaryň döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar: ýaşlary telekeçilik işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek; telekeçilik işiniň esaslaryny öwretmekde, esaslandyryjy resminamalary we täjirçilik maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda ýaş telekeçilere ýardam etmek; işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we gaýtadan taýýarlaýan edaralaryň ulgamynda ýaş telekeçileriň ykdysady we dolandyryjylyk bilimini almakda guramaçylyk we maliýe taýdan ýardam etmek; ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda telekeçilik işi babatda bäsleşikleri, olimpiadalary we festiwallary geçirmek (29-njy madda).

Häzirki wagtda ýaşlar başarnyklaryny, işewürlik häsiýetlerini, guramaçylyk ukyplaryny görkezip, hemme ýerde diýen ýaly üstünlik gazanyp, Watanyň ösüşine, mundan beýläk-de gülläp ösmegine, öz halkynyň şöhratly ýeňişlerini we üstünliklerini artdyrmaga mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.

Iň täze habarlar

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Şu gün — 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly Pyragy seýilgähinde gül goýmak dabarasy geçirildi.
SalamNews

Magtymgulynyň söýgülisi Meňlä gowşuryp bilmedik kümüş ýüzügi

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň onuň dogduk mekany Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyndaky bölümi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem giňden belli. 1983-nji ýylda açylan bu muzeý şahyryň muşdaklarynyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Meretgylyç Ýagmyrow

Medeniýet hepdeliginiň 5-nji gününiň esasy wakalary haýsylar?

26-njy iýunda Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenen «Ýaş žurnalist we döwür» atly maslahat geçirildi hem-de «Gadymy Merwe syýahat» atly çagalar surat bäsleşiginiň jemi jemlendi. 
SalamNews