Sazlamalar

Diller

TM

Men näme sebäpden «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlarynyň portalyndan peýdalanýaryn

SalamNews
Jemgyýet
Men näme sebäpden «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlarynyň portalyndan peýdalanýaryn

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýola goýlup, sanly hyzmatlaryň dürli görnüşlerini bir ýere jemleýän «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlary portaly döredilen gününden bäri aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini sanly görnüşde hödürleýär.

Häzirki wagtda bolsa bu portalda ýerleşdirilen hyzmatlaryň sany 500-den hem geçip, ulanyjylaryň sany günsaýyn artýar. Portalda şahsy otag döretmek bilen, onuň hyzmatlaryndan doly derejede peýdalanmak we bu ýerde ýerine ýetiren amallaryňyzy hemişe gözegçilikde saklamak mümkinçiliklerinden hem peýdalanmagy unutmaň!

«e.gov.tm» raýatlara döwlet hyzmatlaryndan onlaýn peýdalanmaga mümkinçilik berýän amatly we döwrebap platforma bolup durýar. Häzir portalyň mobil goşundysy döredilip, ony Android we IOS platformalarynda ýükläp alyp bolar. Şeýle hem, portalyň interfeýsi dürli ýaşdaky ulanyjylar üçin düşnükli we sada görnüşde bolup, ol türkmen we rus dillerinde elýeterlidir.

Döwlet hyzmatlar portalynda raýatlara şahsy otagy döretmek arkaly onlaýn görnüşde aragatnaşyk we jemagat hyzmatlaryndan peýdalanmaga, dolandyrmaga, sargytlary etmäge hem-de tölegleri amala aşyrmaga, jemgyýetçilik ulaglaryna petekleri almaga, E-mekdep, elektron kitaphana, «zehin» sanly ulgamyndan, bilim portalyndan giňden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Mundan başga-da, bu ýerde gerekli güwänamalary sargyt etmäge, bank edaralarynyň sanly hyzmatlaryndan, şeýle hem elektron söwda ulgamyndan we beýleki sanly hyzmatlardan giňden peýdalanmaga hem-de statistiki hasabatlary tabşyrmaga mümkinçilik bar.

Portalda ulanyjylar üçin ýurdumyzyň howa maglumaty, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kurslary bilen 7/24 onlaýn tertibinde tanyşmaga hem mümkinçilikler döredildi.

Bu ýerde ýerleşdirilýän sanly hyzmatlaryň sanynyň günsaýyn artmagy, portalyň mümkinçilikleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy ulanyjylarda uly gyzyklanma döredýär.

«e.gov.tm» sanly hyzmatlary hödürlemek bilen, ulanyjylara wagtlaryny we serişdelerini tygşytlamaga şert döredýär.

Iň täze habarlar