Sazlamalar

Diller

TM

Mekge-Medinä haja giden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler

SalamNews
Jemgyýet
«Watan» habarlar gepleşigi

Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza dolanyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan ildeşlerimiziň 275-si «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna iberilipdi.

Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler. Olar Mekgede Zemzem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddes ýerlerde haj parzlaryny berjaý edip, togap dessuryna eýerdiler we mukaddes Käbäniň daşyndan aýlandylar.

Türkmen zyýaratçylary haj wagtynda sežde edip, Beýik Biribardan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny dileg etdiler.

Goý, ildeşlerimiziň mukaddes Käbä haj zyýaratyna gidip, ol ýerde eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Iň täze habarlar

Hindistanda 250-den gowrak titanozawr ýumurtgasy tapyldy

Paleontolog Harşa Dhimanyň ýolbaşçylygyndaky hindi paleontologlar topary Hindistanyň Dhar etrabynda titanozawr ýumurtgalaryny tapdy.
SalamNews

Peris Hiltonyň ilkinji perzendi dünýä indi

Meşhur aktrisa we model Peris Hilton bilen onuň adamsy Karter Reum ilkinji gezek ene-ata bolmak bagtyna eýe boldular.
SalamNews

Aşgabat şäherindäki teatrlaryň hepdelik repertuarlary

27 — 29-njy ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibini dykgatyňyza ýetirýäris.
SalamNews