Sazlamalar

Diller

TM

Indiki ýylyň taryhdaky iň yssy we gurak ýyl bolmagyna garaşylýar

SalamNews
Jemgyýet / Ekologiýa
Indiki ýylyň taryhdaky iň yssy we gurak ýyl bolmagyna garaşylýar

2024-nji ýylyň taryhda iň yssy we gurak ýyllaryň biri boljakdygy çak edilýär. Bu barada «The Guardian» gündelik neşirinde Beýik Britaniýanyň meteorologiýa edarasynyň uzak möhletli çaklamalar bölüminiň ýolbaşçysy Adam Skaýf habar berdi:

— Temperaturanyň ýokarlanmagy Ýuwaş ummanynyň ýokarky gatlagynyň tebigy ýagdaýda üýtgäp durmagy netijesinde ýüze çykyp biler. Beýle hadysa her 2 — 7 ýyl aralygynda bolup, ortaça bäş ýyllap dowam edýär. Bu bolsa howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Häzirki wagtda ummanyň ýagdaýy durnuksyz.

Şonuň üçin-de, howanyň temperaturasy şu ýyldan başlap ýokarlanar. Şunlukda, howanyň ýagdaýy 2024-nji ýylda rekord derejä ýeter. Makalada bellenişine görä, görlüp-eşidilmedik ýokary derejeli temperatura, esasan, Indoneziýada, Hindistanda, Afrikada, Hytaýda, ABŞ-da has ýiti duýlar.

Ýakynda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropanyň «Copernicus» gullugynyň hünärmenleriniň taýýarlan ýyllyk hasabatynda 2022-nji ýylyň soňky 8 ýylda planetanyň iň yssy ýyly bolandygyny habar beripdik. Çaklamalara salgylanyp aýtsak, howanyň ýagdaýy 2024-nji ýyla çenli kem-kemden yssy bolup başlar.

Iň täze habarlar

Hindistanda 250-den gowrak titanozawr ýumurtgasy tapyldy

Paleontolog Harşa Dhimanyň ýolbaşçylygyndaky hindi paleontologlar topary Hindistanyň Dhar etrabynda titanozawr ýumurtgalaryny tapdy.
SalamNews

Peris Hiltonyň ilkinji perzendi dünýä indi

Meşhur aktrisa we model Peris Hilton bilen onuň adamsy Karter Reum ilkinji gezek ene-ata bolmak bagtyna eýe boldular.
SalamNews

Aşgabat şäherindäki teatrlaryň hepdelik repertuarlary

27 — 29-njy ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibini dykgatyňyza ýetirýäris.
SalamNews