Sazlamalar

Diller

TM

Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlary gurnalar

SalamNews
Jemgyýet
Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlary gurnalar

Şu gün — 30-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde wise-premýer B.Atdaýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda 5-nji dekabrdan başlap baýramçylyk söwdasyny guramak, şeýle hem meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça degişli çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Onda raýatlarymyzyň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlar bolmalydyr diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iň täze habarlar