4-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Halkara orta mekdepde «Gyş bazary» çäresi geçirildi.
Köp adamly bolan «Gyş bazarynda» Täze ýyl arçasynyň dürli görnüşdäki jäjekleri bilen birlikde, öý bezegleri, baýramçylyk sowgatlyklary, kofeler, dürli görnüşde taýýarlanan miwe suwlary, süýjülikler we dürli döwletleriň tagamlary, el işleri, elde ýasalan oýunjaklar elýeterli bahalardan satyldy.

Türkiýäniň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Belarusyň, Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň taýýarlan tagamlary we içgileri çärä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde dürli döwletleriň milli medeniýetini görkezýän esbaplar hem ýerleşdirilipdir.

Aşgabat şäherindäki Halkara orta mekdebiň Täze ýyl bezegleri adamlarda baýramçylyk ruhuny döretdi. Bu ýere gelenler garly günde şeýle ajaýyplyklary özünde jemlän «Gyş bazarynda» Täze ýyl şowhunyny duýup, oňat dynç alandyklaryny bellediler.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň taýýarlan «Mehmet Efendi» atly meşhur türk kofesi we lukumy myhmanlara hödür edildi. Mundan başga-da, doganlyk ýurduň baýramçylyk saçagynda baklawa, ýaprak dolamasy ýerleşdirilipdir. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral türk kofesi barada bu ýere gelenlere şeýle gürrüň berdi:

— Kofäniň watany Türkiýe däl. Emma Türkiýe kofäni dünýä tanatdy. XVII asyrda Osmanlylar, ilki bilen, Awstriýada, Ýewropada, soňra bolsa Amerikada kofäni taýýarlamagyň medeniýetini tanyşdyrdylar. Kofäniň türk medeniýetine örän wajyplygy bar. Kofe diňe bir içgi däldir. Ol uzakdan gelýän wepaly dostlaryň mesaýy gürrüňleriniň şaýady hasaplanýar.
Ata-babalarymyzyň «Bir bokal kofäniň 40 ýyl ýatlamasy bar» diýen aýtgysy ýörgünli. Şol sebäpli hem kofe türk medeniýetiniň bir bölegidir. ÝUNESKO 5-nji dekabry «Bütindünýä türk kofesiniň güni» diýip yglan etdi. Biz hem Bütindünýä türk kofesiniň gününiň öň ýanynda guralan «Gyş bazarynda» türkmen halkyna we Türkmenistanda ýaşaýan dürli milletleriň wekillerine türk kofe medeniýetini tanyşdyrmak isledik.

Çäräniň gün tertibinde aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ajaýyp aýdym-sazlar we tanslar adamlaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. «Gyş bazarynda» gazanylan serişdeler haýyr-sahawat işlerine gönükdirildi.
