Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Ýaşamaga iň rahat ýurtlaryň sanawy kesgitlendi

SalamNews
Jemgyýet
Ýaşamaga iň rahat ýurtlaryň sanawy kesgitlendi

2023-nji ýylyň Global parahatçylyk indeksine görä, Katar dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip kesgitlendi. Döwletiň şeýle ada bäş ýyldan bäri yzygiderli eýe bolýandygyny bellemek gerek.

142 ýurduň maglumatlaryny özünde saklaýan «Numbeo» maglumatlar goruna görä, Katar şu ýyl üçin howpsuz ýurtlaryň indeksinde 85 göterimden gowrak bal toplady. Şeýle hem sanawyň ilkinji onlugyna Birleşen Arap Emirlikleri, Taýwan, Man adasy we Oman Soltanlygy, Gonkong, Ermenistan, Ýaponiýa, Şweýsariýa we Bahreýn girdi.

Awstraliýadaky Ykdysadyýet we parahatçylyk institutynyň iýun aýynda çap eden hasabatyna görä, Katar beýleki reýtinglerde-de öňdäki orunlarda durýar. Ol arap dünýäsi boýunça 1-nji, 2022-nji ýyl üçin iň howpsuz we sosial taýdan parahat ýurtlaryň indeksinde 23-nji ýerdedir.

Iň täze habarlar