
Ýakynda şahyr Bazar Şalyýewiň okyjylaryň kitap tekjesini öwüşginlendirjek «Älemgoşar» atly çagalara niýetlenen goşgular kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi.
Şahyryň dördünji kitaby bolan «Älemgoşarda» çagalygyň hezilligi, tebigatyň gözelligi, haýwanat dünýäsi, sport, ak şäherimiz Aşgabat, şeýle-de edep-terbiýe, milli gymmatlyklarymyzyň mukaddesligi dogrusynda körpeleriň dilinde şahyrana beýan edilýär. Çaga dünýäsini baýlaşdyrýan iki ýüze golaý tapmaça kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bazar Şalyýewiň bu goşgulary diňe körpelere däl, uly ýaşly adamlara hem ýylgyryş bagyş edýär.
Kitabyň älemgoşar öwüşginli suratlar bilen bezelmegi-de ünsüňi özüne çekýär. Älemgoşaryň suratyny çekmegi halaýyşlary ýaly, çagalaryň Bazar aganyň «Älemgoşaryny» hem söýüp okajakdyklaryna ynanýarys.
Halypa şahyra bolsa kitaplarynyň yzynyň gür bolmagyny arzuw edýäris.