18 — 20-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde «Türkiýäniň dokma atlasy» atly sergi we moda görkeziliş geçirildi. Ol Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda guraldy.

Dabara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ilçihanalaryň wekilleri, hormatly myhmanlar, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler «Taryhyň dowamynda dünýäniň iň möhüm dokma merkezlerine öý eýeçiligi eden Anadolyda görlen ilkinji dokma nusgalary biziň eramyzdan öňki 600-nji ýyllara degişlidir. Aslynda Merkezi Aziýadan Anadola alnyp gidilen dokmaçylyk, Türkmenistan bilen umumy medeniýetlerimiziň iň täsirli elementlerinden biri bolup durýar. Türkmenistanda däp bolan enjamlarda dokalmasy dowam edýän ýerli we tebigy matalar durmuşymyzda giňden ulanylýar» diýip, aýratyn nygtap geçdiler.

Dabaranyň başynda «Türkiýäniň dokma atlasy» atly tanyşdyryş filminiň hem-de tanymal modelýerleriniň taýýarlan elde dokalan milli matalaryndan döredilen «Geçmişden geljege: Anadolynyň matalarynda döwrebap moda» atly görkeziliş boldy.

Dabaranyň çäginde türk tagamlary we süýjülikleri myhmanlara hödürlenildi.