Sazlamalar

Diller

TM

«Bossan concept» dükany öz tekjelerini «Real touch» bezeg gülleriniň ajaýyp görnüşleri bilen bezedi

SalamNews
Jemgyýet / Moda we stil

«Bossan concept» dükanynyň tekjeleri «Real touch» bezeg gülleriniň ajaýyp nusgalar ýygyndysy bilen dolduryldy.

Ýygyndyda öýleriň içini ýa-da howlulary bezemek üçin dürli miweli agaçlaryň, gülleriň we beýleki ösümlikleriň emeli nusgalary bar. Bu ýere gelýän müşderiler öz isleglerine görä, çigildemleri, orhideýa, ýabany gülleri we dürli öwüşginli gülleri saýlap bilerler. Alyjynyň haýyşy boýunça satyjylar bezeg güllerinden dürli kompozisiýalary düzmäge kömek ederler.

«Bossan concept» dükany öz tekjelerini «Real touch» bezeg gülleriniň ajaýyp görnüşleri bilen bezedi

Bezeg gülleri hakyky görnüşlere mümkin boldugyça ýakyn ösümlikleri almaga mümkinçilik berýän «Real Touch» tehnologiýasy arkaly polimerlerden ýasalýar. Hatda el bilen elläňde-de olary janly gülden tapawutlandyrmak kyndyr.

«Bossan concept» dükany öz tekjelerini «Real touch» bezeg gülleriniň ajaýyp görnüşleri bilen bezedi

«Bossan concept» dükanyndaky bezeg gülleri bilen ýaşaýyş jaýyny, otaglary, edara binalary, hatda açyk görnüşli giň balkonlary, öý howlulary we şahsy meýdançalary bezäp bilersiňiz.

«Real Touch» bezeg güllerine ideg etmek aňsatdyr. Olary gury ýa-da çygly süpürgiç bilen süpürip, ýuwup bolýar. Göwnejaý ideg bilen güller uzak wagtlap sizi begendirer we giňişligiňizi bezemek hem-de täze gül satyn almak üçin hemişe pul harçlamagyň zerurlygy bolmaz. «Bossan concept» dükanynda «Real Touch» bezeg gülleriniň birnäçe görnüşini satyn almak we kompozisiýalary islegiňize görä ýasadyp hem bolýar.

«Bossan concept» dükany öz tekjelerini «Real touch» bezeg gülleriniň ajaýyp görnüşleri bilen bezedi

Dükanda täze döwrebap wazalaryň hem bardygyny bellemelidiris.

Sagat 10:00-dan 19:00-a çenli «Bossan concept» dükanyna baryp görüň. Mundan ozal saýtymyzda aşyklar güni mynasybetli «Bossan concept» dükanynda surata düşmek üçin ýörite ýerleriň döredilendigi barada habar beripdik. Siz bu ýere gelip tölegsiz surata düşüp bilersiňiz.

«Bossan concept» dükanynyň howly mebelleriniň görnüşleri bilen hem aşakdaky salgylarda tanşyp bilersiňiz: Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýynda ýerleşýän «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr), «Aşgabat» söwda merkeziniň ikinji gatyndaky А-201 dükany, şeýle hem «Gül Zemin» söwda merkezindäki «Şerbet» marketi.

Iň täze habarlar

Amerikaly sungat ussatlary Türkmenistanda konsert bererler

Daşary ýurtly sungat ussatlary 8 — 15-nji aprel aralygynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde türkmen toparlary bilen bilelikde çykyş ederler.
SalamNews

«Hünärim bar – hormatym bar»: Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň bäsleşigi jemlendi

«Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
SalamNews

Şu hepdäniň dowamynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty bilen tanyş boluň!
SalamNews