Amerikan suratçysy, grafika dizaýneri Rubi Silwios adaty däl sungat eserlerini döredýär. Suratkeşler öz suratlaryny kendirde şekillendirýän bolsalar, Rubi öz sungatyny gönümel çaý haltajyklarynda döredýär. Ol Karawadžodan başlap Wan Goga we Benksä çenli meşhur erkin we nusgawy suratkeşleriň suratlaryndan ylham alýar. Bu zenan dürli peýzažlary, portretleri, natýurmortlary çekýär.

Suratkeş eserlerini adaty boýaglaryň we inçejik çotgajygyň kömegi bilen döredýär. Rubi, bulardan başga-da, kagyzdan köwüşleri we gap-gaçlary ýelmeýär hem-de ýumurtga gabyklarynda surat çekýär. Bu hakyky ekologiki sungatdyr.








Onuň «kagyz suratlary» häzirki zaman sungat sergilerinde görkezilýär hatda üstünlikli satylýar. Rubi öz «363 gün çaý» albomyny hem çykardy.




