
Gözelligi bilen köplere nusga, meşhur aktrisa Anjelina Joli zenan atyrlaryny däl-de, erkek kişilere niýetlenen atyrlary ulanmagy halaýar. Häsiýetiniň agraslygy bilen tapawutlanýan Joliniň iň halaýan atyry, gündogar agaç ysly «Black Bvlgari» atyrydyr.
Aslynda, häzirki zaman parfýumeriýasynyň önümleri garym-gatym diýen ýaly. Şol sebäpli-de, atyr öndürijiler atyr satyn aljaklara atyr çüýşesindäki ýazga seredip däl-de, onuň ysyna baha berip almagy maslahat berýärler. Eger-de, atyryň ysy göwnüňe ýarasa, bolany, satyn alyp, onuň kime niýetlenip öndürilendigine garamazdan arkaýyn sepinibermeli.
Ýeri gelende aýtsak, Anjelina Joliniň zenan atyrlarynyň içinde hem halaýanlary bar. Olar «Histories de Parfums» brendiniň şetdaly, kardamon, bägül, çigildem, şokolad we kofe ysyny özünde saklaýan gündogar ysly «1969» atyrydyr.