24-25-26-njy noýabr aralygynda paýtagtyň «Watan» kinokonsert merkeziniň zalynda türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň ýeke-täk çykyşlary bolar.
Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa, Mähri Pirgulýewa we Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýew tomaşaçylar üçin çykyş eder.
Aýdymçylaryň her biri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da millionlarça muşdaklaryň ýüreginden ýer alan aýdymlary ýerine ýetirerler. Liriki aýdymlardan dinamiki tans kompozisiýalaryna çenli konsertler dürli žanrlara we ýerine ýetiriş çemeleşmelerine baý boljakdygyna aýdylýar.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, türkmen estrada ýyldyzlarynyň konserti aýdym-saz muşdaklary üçin ajaýyp we tolgundyryjy waka bolar.
Konsertler sagat 18: 00-da başlaýar.
Bilet satyn almak üçin şu telefon belgä jaň edip bilersiňiz: 92-18-65.