
Şu gün — 3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Watan gahrymanlary unudylmaýar» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Aşgabat şäher häkimliginiň işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Erkin Kösäýew gatnaşdy.
Dabarada Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymynyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewiň türkmen milli däp-dessurlary, ata-babalarymyzyň gahrymançylygy baradaky çykyşlary diňlendi. Şeýle hem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Hangeldi Baýramow uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar baradaky gyzykly maglumatlary gürrüň berdi:
— Sergide Ak şäherimiz Aşgabatda halkymyzyň taryhyny beýan edýän ýadygärlikler toplumyna aýratyn orun berilýär. 1998-nji ýylda ýer titremäniň 50 ýyllygyna Aşgabatda hem-de Gypjak obasynda ýadygärlikler toplumy açyldy. 2009-njy ýylyň maýynda Gökdepede Gökdepe galasynda bolan söweşiň taryhyna bagyşlanan muzeý açylyp ulanylmaga berildi. 2014-nji ýylda Aşgabatda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy guruldy. Bu toplumda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Gökdepe söweşinde gurban bolan gahrymanlaryň we Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hormatyna bina edilen ýadygärlikler ýerleşdirildi.
Sergi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň portreti, Döwlet nyşanlarymyz, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi çitilen haly pano bilen açylýar. Türkmen zergärleriniň zähmetsöýer ellerinden çykan, paýtagtymyzyň gözel ýerlerini wasp edýän zergärçilik eserlerine aýratyn orun berilýär.
Şeýle hem onda Seýitjemaleddin metjidiniň bina bölekleri hem sergilenýär. Bu sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan Aşgabat ýertitremesi barada we Gökdepe galasynda bolan söweşiň taryhyndan söhbet açýan dokumental fotosuratlar ýerleşdirildi. Aşgabat şäheriniň taryhyna bagyşlanan suratlar tematiki taýdan toparlara bölünip, onda Aşgabat şäheriň ýer titremeden öňki görnüşlerine, XX asyrdaky we Garaşsyzlyk döwrüniñ binagärçiligine degişli bolan fotosuratlar görkezilýär.