
23-nji ýanwarda Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan bilen Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň duşuşygy boldy.
Duşuşykda iki dostlukly ýurduň ýokary derejeli hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onuň dowamynda Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini hem-de türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik mekdebiniň arasyndaky gatnaşyklary has-da güýçlendirmek baradaky meselelere seredildi.