Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabatda Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet

Azer­baý­jan hal­ky­nyň umu­my­mil­li li­de­ri Geý­dar Ali­ýe­wiň dog­lan gü­nü­niň 100 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Geý­dar Ali­ýew — Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň do­gan­ly­gy» at­ly kon­sert ge­çi­ri­ldi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Aşgabatda Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de geçirilen çäräniň çäginde gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda açylan «Geýdar Aliýew - Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň doganlygy» atly surat sergisi bilen tanyşdylar. Bu ýerde Geýdar Alyýewiň ömrüni we döredijiligini, şeýle hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän suratlar görkezildi.

Aşgabatda Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Konsertiň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow Azerbaýjan hal­ky­nyň umu­my­mil­li li­de­ri Heýdar Alyýewiň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy barada aýratyn belläp geçdi. Konsertde Azer­baý­ja­nyň «Mu­gam» an­samb­ly­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň bi­le­lik­de gat­naş­ma­gyn­da Azer­baý­ja­nyň halk aý­dym­la­ry­ny hem-de kom­po­zi­tor­la­ryň dö­re­den ta­ny­mal eser­le­ri­ ýe­ri­ne ýe­ti­rildi.

Aşgabatda Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Konserte Azerbaýjan-Türkmen bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň egindeş ýolbaşçylary, Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew  Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabatda Geýdar Alyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Iň täze habarlar

Amerikaly sungat ussatlary Türkmenistanda konsert bererler

Daşary ýurtly sungat ussatlary 8 — 15-nji aprel aralygynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde türkmen toparlary bilen bilelikde çykyş ederler.
SalamNews

«Hünärim bar – hormatym bar»: Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň bäsleşigi jemlendi

«Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
SalamNews

Şu hepdäniň dowamynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty bilen tanyş boluň!
SalamNews