Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabatda gitaraly saz konserti geçirilýär

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet
Aşgabatda gitaraly saz konserti geçirilýär

2-nji dekabrda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýaş zehinli gitaraçy Selim Gurbansähedowyň konserti geçirilýär.

Bu Selim Gurbansähedowyň üçünji ýeke-täk konserti bolar. Sazandanyň aýtmagyna görä, konsertde Sting, Dima Bilan, Alekseý Çumakow, Zemfira, Ýuriý Şatunow, Toto Kutugno we beýleki meşhur ýerine ýetirijileriň repertuarlaryndan sazlary ýerine ýetirer. Mundan başga-da, bu agşamda Selimiň täze eseriniň premýerasy bolar.

Bu konserte Türkmenistanyň at gazanan artisti Röwşen Nepesow gatnaşar.

Selim Gurbansähedow:

«Bu saz diňleýjilere bolan söýgi agşamy, şatlyk we ýatdan çykmajak duýgular agşamy bolar» diýip aýdýar.

Konsert 2-nji dekabrda 19:00-da başlaýar.

Bilet satyn almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz:

(+99361) 72-78-63, (+99362) 93-74-41, (+99361) 23-52-34.

Iň täze habarlar

Amerikaly sungat ussatlary Türkmenistanda konsert bererler

Daşary ýurtly sungat ussatlary 8 — 15-nji aprel aralygynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde türkmen toparlary bilen bilelikde çykyş ederler.
SalamNews

«Hünärim bar – hormatym bar»: Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň bäsleşigi jemlendi

«Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
SalamNews

Şu hepdäniň dowamynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty bilen tanyş boluň!
SalamNews