Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabatda ýapon filmleriniň VII festiwaly geçirilýär

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet

15—17-nji dekabrda paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda we 23-nji dekabrda Türkmenbaşy şäherinde ýapon filmleriniň VII festiwaly geçirilýär.

 «Türkmen halkyny Ýaponiýanyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak maksady bilen Ýapon film festiwaly şu ýyl ýedinji gezek geçirilýär. 15-nji dekabrda Aşgabat kinoteatrynda 23-nji dekabrda bolsa  Türkmenbaşy şäherinde bolar. Mundan başgada uly çäreler geçirmek meýilleşdirilýär» - diýip, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy «SalamNews» saýtyna habar berdi.

Festiwal filmleri:

  • «Asmandaky restoran», Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Hokkaýdo şäherinde bolup geçýän, tagamly ýapon naharlaryna bil baglaýan adamlaryň höwesini özüne çekýän hekaýa;

  • «Diňe pişik bilýär» garry är-aýal arkaly ýapon maşgalasynyň juda duýguly keşbi janlandyrylýar;

  • «Tekeşi Ýaşironyň režissýorlyk eden animasiýa ýygyndysy» - bu diňe bir çagalary däl, eýsem ene-atalaryna-da biperwaý garamaýan dört bölümli ajaýyp animasiýa filmidir.

Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde filmleriň görkeziliş tertibi:

  • 15-nji dekabr Aşgabat kinoteatr - «Asmandaky restoran» 18:00;

  • 16-njy dekabr Aşgabat kinoteatr - «Diňe pişik bilýär» 18:00;

  • 17-nji dekabr Aşgabat klinoteatr «Tekeşi Ýaşironyň režissýorlyk eden animasiýa ýygyndysy» 13:00;

  • 23-nji dekabr Türkmenbaşy şäherinde - «Tekeşi Ýaşironyň režissýorlyk eden animasiýa ýygyndysy»;

  • 23-nji dekabr Türkmenbaşy şäherinde - «Diňe pişik bilýär» 17:00.

Giriş tölegsiz.

Iň täze habarlar

Amerikaly sungat ussatlary Türkmenistanda konsert bererler

Daşary ýurtly sungat ussatlary 8 — 15-nji aprel aralygynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde türkmen toparlary bilen bilelikde çykyş ederler.
SalamNews

«Hünärim bar – hormatym bar»: Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň bäsleşigi jemlendi

«Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
SalamNews

Şu hepdäniň dowamynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty bilen tanyş boluň!
SalamNews