Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Arkadag şäherinde geçiriljek Halkara kinofestiwalyň nyşany tassyklanyldy

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet
Arkadag şäherinde geçiriljek Halkara kinofestiwalyň nyşany tassyklanyldy

Türkmenistanyň Arkadag şäherinde geçiriljek «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň resmi nyşany tassyklanyldy. Ony Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary hem-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik toparynyň kinematograflary bilelikde taýýarladylar.

Nyşan häzirki zaman grafiki stilde döredilipdir. Tolkunly, ýumşak çyzyklar oňa özboluşly öwüşgin berýär. Mundan başga-da, onda ýurduň milli gymmatlyklary — döwlet baýdagynyň ýaşyl reňki we bäş welaýatyň gölleri ýerleşdirilipdir. Nyşanyň merkezinde bolsa Arkadag şäheriniň esasy gözellikleriniň biri bolan meşhur «Akhanyň» ýadygärligi şekillendirilipdir.

Ýeri gelende ýatlatsak, «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal Arkadag şäherinde 14-15-nji oktýabrda geçiriler. Oňa Merkezi Merkezi Aziýa döwletleriniň kino ussatlary gatnaşarlar.

Iň täze habarlar

Aşgabatda ikinji klimat eko-festiwaly geçiriler

Festiwal sagat 12:00-da başlanar.
SalamNews

Balkan welaýatynda geçirilen döredijilik simpoziumy üstünlikli tamamlandy

Çäre Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
SalamNews

29-njy oktýabrda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň açylyş dabarasy bolar

Ýakynda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň meýilnamasy tassyklandy.
SalamNews