Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler guralar

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler guralar

30-njy noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28-ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şanly waka mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda «Dialog – Parahatçylygyň kepili» atly Halkara forumy, «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň» duşuşygy, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanylan tegelek stoluň başyndaky maslahat bar. Şeýle hem Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guramak göz öňünde tutulýar.

Iň täze habarlar

Amerikaly sungat ussatlary Türkmenistanda konsert bererler

Daşary ýurtly sungat ussatlary 8 — 15-nji aprel aralygynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde türkmen toparlary bilen bilelikde çykyş ederler.
SalamNews

«Hünärim bar – hormatym bar»: Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň bäsleşigi jemlendi

«Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
SalamNews

Şu hepdäniň dowamynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty bilen tanyş boluň!
SalamNews