Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Türkmenfilm» birleşigi Eýran Yslam Respublikasyna döredijilik saparyna iberilýär

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet
«Türkmenfilm» birleşigi Eýran Yslam Respublikasyna döredijilik saparyna iberilýär

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek üçin geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň topary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we golýazmalary bilen baglanyşykly filmi düşürmek üçin Eýran Yslam Respublikasyna döredijilik saparyna iberilýär.

Döredijilik toparyna «Türkmenfilm» birleşiginiň film önümçiligi boýunça orunbasary, ýaş režissýor, «Ýaşlar» atly gysga çeper we «Dutaryň owazy» atly çeper-publisistik filmlerini döreden Isgendermuhammet Annamuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

Şu ýylyň 17-nji sentýabryndan 24-nji sentýabry aralygynda türkmen kinorežissýorlary Magtymguly Pyragynyň ady we döredijiligi bilen baglanyşykly ýerlerde bolup, surata düşürerler we eýranly türkmenler, alymlar, kitap we golýazmalar ýygyndylarynyň ýolbaşçylary, hünärmenler we şygryýeti söýüjiler bilen gürrüňdeş bolarlar.

Mälim bolşy ýaly, Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähi ýerleşýär.

Ýeri gelende bellesek, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň topary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we golýazmalary bilen baglanyşykly filmi düşürmek üçin birnäçe ýurtlarda saparda boldular.

Iň täze habarlar

Aşgabatda ikinji klimat eko-festiwaly geçiriler

Festiwal sagat 12:00-da başlanar.
SalamNews

Balkan welaýatynda geçirilen döredijilik simpoziumy üstünlikli tamamlandy

Çäre Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
SalamNews

29-njy oktýabrda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň açylyş dabarasy bolar

Ýakynda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň meýilnamasy tassyklandy.
SalamNews