Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen suratkeşleri «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergä gatnaşarlar

SalamNews
Türkmen suratkeşleri «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergä gatnaşarlar

Gyrgyz-Türk Manas uniwersiteti tarapyndan 2023-nji ýylyň 11 — 15-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde nakgaşçylyk boýunça «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergi geçiriler.

Halkara sergä ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew hem-de Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň suratkeş goýujysy Batyr Bekmyradow wekilçilik ederler.

«Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergä gatnaşmak üçin ildeşlerimiz şu ýylyň 10 — 16-njy dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Iň täze habarlar