Şu gün
Aşgabat
32.2 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
32.2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Teatr festiwalynyň ýapylyşynda ýeňijiler yglan edildi. Olar kimler?

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet

25-nji maýda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda geçirilen dabara bilen «Türkmen teatr sungaty» festiwaly tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, ol paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň teatrlarynyň, şeýle-de Döwlet sirkiniň artistlerini bir ýere jemledi.

Dört günüň dowamynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary dostluk, döredijilik baýramyndan ruhy lezzet aldylar. Festiwalyň maksatnamasy ýurdumyzyň esasy teatr toparlarynyň dürli görnüşli sahna oýunlaryny özünde jemledi.Bu ýerde döredijilik gözden geçirilişiniň gatnaşyjylaryny sylaglamak dabarasy boldy.

Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, birinji orun «Watan buýsanjy — Jelaleddin soltan» sahna oýny üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň toparyna berildi. Ikinji orny «Nuhuň gämisi» sahna oýny üçin Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry eýeledi. Üçünji orna «Türkmeniň ýoly» atly sahna oýny bilen Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri mynasyp görüldi.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýadygärlik kubogy, sowgatlar we gül desseleri gowşuryldy. Şeýle-de iň gowy erkek, zenan we çaga keşpleri, iň gowy edebi esas, sazçylyk bezegi, režissýorlyk we edebi işler ýaly ugurlarda ýeňijiler yglan edilip, olara diplomlardyr sowgatlar gowşuryldy. Mundan başga-da, artistleriň birnäçesine höweslendiriji baýraklar berildi.

Iň täze habarlar

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Şu gün — 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly Pyragy seýilgähinde gül goýmak dabarasy geçirildi.
SalamNews

Magtymgulynyň söýgülisi Meňlä gowşuryp bilmedik kümüş ýüzügi

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň onuň dogduk mekany Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyndaky bölümi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem giňden belli. 1983-nji ýylda açylan bu muzeý şahyryň muşdaklarynyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Meretgylyç Ýagmyrow

Medeniýet hepdeliginiň 5-nji gününiň esasy wakalary haýsylar?

26-njy iýunda Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenen «Ýaş žurnalist we döwür» atly maslahat geçirildi hem-de «Gadymy Merwe syýahat» atly çagalar surat bäsleşiginiň jemi jemlendi. 
SalamNews