Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabatda hyýaldan hakykata alyp gitjek sergi guralar

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Hyýaldan hakykata» atly abstrakt sungatyna bagyşlanan döredijilik sergisi açylar.

Onda döwrebap çeperçilik akymlarynda ýerine ýetirilen işleriň 200-den gowragy görkeziler. Sergide keramika önümleri, küýzegärçilik sungatyna degişli işler we abstrakt stilinde çekilen suratlar sungat söýüjileriň ählisine ruhy lezzet berer.

Sergä gatnaşyjylar bu ýerde halypa suratkeşleriň, şeýle-de bu sungata täze başlan ýaşlardan Oguljennet Mollaýewanyň, Merdan Nurmedowyň, Juma Amandurdyýewiň, Hoja Çüriýewiň, Azat Alyhanowyň we beýlekileriň eserlerini synlap bilerler. Paýtagtymyzda abstrakt sungata bagyşlanan şeýle serginiň ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek.

Sergi sagat 16:00-da açylyp, 5-nji fewrala çenli dowam eder.

Iň täze habarlar

Hindistanda 250-den gowrak titanozawr ýumurtgasy tapyldy

Paleontolog Harşa Dhimanyň ýolbaşçylygyndaky hindi paleontologlar topary Hindistanyň Dhar etrabynda titanozawr ýumurtgalaryny tapdy.
SalamNews

Peris Hiltonyň ilkinji perzendi dünýä indi

Meşhur aktrisa we model Peris Hilton bilen onuň adamsy Karter Reum ilkinji gezek ene-ata bolmak bagtyna eýe boldular.
SalamNews

Aşgabat şäherindäki teatrlaryň hepdelik repertuarlary

27 — 29-njy ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibini dykgatyňyza ýetirýäris.
SalamNews