Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen suratkeşiniň eserlerine Hytaýdaky sergide ýokary baha berdiler

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet

Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewiň eserlerine Hytaý Halk Respublikasynyň Szýuan welaýatynyň merkezinde «Hytaý we Merkezi Aziýa» atly ýagly, reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisinde ýokary baha berildi.

Sergä Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Hytaýdan tanymal suratkeşler gatnaşdylar. Bu sergide daşary ýurtly suratkeşiň diňe bir suratyny görkezdiler. Şeýle-de bolsa, sergini gurnaýjylar Türkmenistandan gelen suratkeş Işanguly Işangulyýewiň bäş suratyny sergide ýerleşdirdiler.

Türkmen suratkeşiniň eserlerine Hytaýdaky sergide ýokary baha berdiler

«Eserlerim çäräni gurnaýjylara ylham berdi, olar meniň bäş suratymyň hemmesini görkezmek kararyna geldiler.  Ähtimal, olara bir eserimi saýlamak kyn düşen bolmaly mümkin. Eserlerimiň sergi zalynyň girelgesinde ýerleşdirilmegi meni diýseň begendirdi. Myhmanlar içeri girdiler we uzak wagtlap eserlerime seretdiler» - diýip, Işanguly Işangulyýew «SalamNews»-yň habarçysyna gürrüň berdi.

Hytaýda geçirilen sergide hödürlenen eserlerde mylaýym, sazlaşykly äheňler agdyklyk edýär. «Üç gelin», «Rodoguna», «Gelin», «Tumarşa», «Kejebe» suratlary Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini aýdyň açyp görkezýär. Bu eserler «Modern» stilinde  ýaglara boýalýar.

Serginiň ahyrynda türkmen suratkeşi ony gurnaýjylara täze «Şasöýen» eserini sowgat etdi. Şeýle hem Işanguly Işangulyýew halkara çäresinde diplom bilen sylaglanyldy.

Türkmen suratkeşiniň eserlerine Hytaýdaky sergide ýokary baha berdiler

Işanguly Işangulýewiň özi, köptaraply hünärmen suratkeş bolmak bilen, çylşyrymly usullary we ugurlary ulanyp, dürli stilde suratlar döretmegi halaýar. Onuň ýygyndysynda nusgawy we häzirki zaman stillerinde, hatda abstrakt görnüşli suratlaryny hem görmek bolýar. Suratkeş öz eserlerindäki gaýtalanmajak köpugurlylygy Şekillendiriş sungaty muzeýinde köp ýyllap dikeldiji bolup işländigi bilen düşündirýär we üstesine-de, dürli žanrlarda özüni synap, täze ugurlarda hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin synag geçirmegi we adaty bolmadyk eserleri döretmegi halaýar.

Türkmen suratkeşiniň eserlerine Hytaýdaky sergide ýokary baha berdiler

Işanguly Işangulyýew eserleriniň reňklerdäki aýratynlyklary barada hem aýtdy:

— Surat çekmekde meniň üçin iň möhüm zat reňk we reňkleriň utgaşmagydyr. Eger suratkeş reňklerden erkin peýdalanmak we zähmet çekmek mümkinçiliginden peýdalanmasa, özüni iň möhüm zatdan — şatlyk duýgusyndan mahrum edýär, sebäbi suratdaky reňk duýgularyň we pikirleriň sazlaşygyny emele getirip, ähli zady hyýalyňda janlandyrýar. Suraty çuň manyly synlamak üçin oňa tomaşaçynyň gözi bilen seretmek gerek.

Türkmen suratkeşiniň eserlerine Hytaýdaky sergide ýokary baha berdiler

Ussat hemme zady aýratyn ýylylyk bilen döredýär, duýýar we çözýär. Muňa Türkiýe, Hindistan, Hytaý ýaly döwletlerde eden syýahatynyň täsirinde döreden eserleri mysal bolup biler. Suratkeş Işangulyýewiň suratlarynyň köpüsinde, hususan-da Hytaý, Hindistan we Türkiýe temalaryndaky döreden eserlerinde gadymda Gündogar we Günbatar ýurtlaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ugruny yzarlap bolýar.

Işanguly Işangulyýew sekillendiriş sungatyna 1990-njy ýyllarda Garaşsyzlyk döwründe, milli suratkeşlik mekdebiniň täze ugurlary we ýörelgeleri ýüze çykan mahaly sungata geldi.

Suratkeş Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowy halypasy hasaplaýar. Işangulynyň aýtmagyna görä, Annadurdy aga oňa surat çekmäge bolan höwesini we sungata bolan gyzyklanmasyny  ussatlyk derejesine ýetmegine kömek edýär.

Türkmen suratkeşiniň eserlerine Hytaýdaky sergide ýokary baha berdiler

Häzirki wagtda Işanguly Işangulyýew owadan suratlary döredip, şekillendiriş sungatynda milli däp-dessurlary baýlaşdyrmagy we ösdürmegi dowam etdirýär. Suratkeş Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli täze bir eser döretmegi meýilleşdirýär.

Türkmen suratkeşiniň eserlerine Hytaýdaky sergide ýokary baha berdiler

Iň täze habarlar

Amerikaly sungat ussatlary Türkmenistanda konsert bererler

Daşary ýurtly sungat ussatlary 8 — 15-nji aprel aralygynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde türkmen toparlary bilen bilelikde çykyş ederler.
SalamNews

«Hünärim bar – hormatym bar»: Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň bäsleşigi jemlendi

«Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
SalamNews

Şu hepdäniň dowamynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty bilen tanyş boluň!
SalamNews