Sazlamalar

Diller

TM

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda «Möjekler we goýunlar» atly täze spektakl sahnalaşdyryldy

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda «Möjekler we goýunlar» atly täze spektakl sahnalaşdyryldy

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary A.N.Ostrowskiniň adybir eseriniň esasynda «Möjekler we goýunlar» atly täze spektaklyny sahnalaşdyrdy. Komediýa žanryndaky spektaklyň režissýor-goýujysy Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowadyr.

«Möjekler we goýunlar» 1875-nji ýylda ýazylan komediýa žanryndaky pýesadyr. Ol ilkinji gezek 1875-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Aleksandrinskiý teatrynda goýuldy.

Komediýadaky wakalar 1870-nji ýyllarda Russiýanyň kiçi şäherçeleriň birinde bolup geçýär. Ýaş, owadan we baý dul aýal Kupawina bagt hem-de söýgi arzuw edýär. Ol daş-töwereginde haýsy hyjuwlaryň gaýnaýandygyny hem bilenok. Şolaryň köpüsi onuň baýlygy, giň tokaý ýerleri we ajaýyp emläkleri bilen gyzyklanýar.

Kupawinanyň töweregindäki adamlar galplyk arkaly ýaş aýalyň mülküni eýelemäge synanyşýarlar. Sahna tomaşaçylary erbetligiň ýa-da gowulygyň ýeňjekdigi, möjekleriň ýa-da goýunlaryň üstün çykjakdygy hakyndaky oýa batyrýar. Spektaklyň birinji görkezilişi 9-njy dekabrda 19:00-da guralar.

Spektaklyň şowly çykmagynda A.Andronowanyň, L.Kosonogowanyň, A.Baýramowanyň, A.Jumaýewanyň, L.Ýemelýanowanyň, A.Zagorodnewanyň, A.Balandinanyň, S.Stepanýansyň, M.Rogowyň, A.Pawlowyň, S.Lawiniň, W.Şabariniň, D.Annaýewiň, M.Gurbanowyň. M.Kustodowyň hem-de M.Durdyýewanyň orny uludyr.

Iň täze habarlar