Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
Şu gün — 18-nji martda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde «Hoş geldiň Diýara, Nowruzym!» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi.
Ulag we kommunikasiýalar toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Demokratik partiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň, ussat bagşylaryň hem-de artistleriň ýerine ýetiren şowhunly çykyşlary myhmanlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Bahar paslynyň jana şypaly, ýakymly howasy, jadyly we maýyl ediji gözelligi ýaňlanan aýdymdyr sazlarda, goşgy setirlerinde, çykyşlarda hem aýdyň duýuldy.
Dabara gatnaşan ildeşlerimiz Garaşsyzlyk ýyllary içinde Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen halkara derejesine eýe bolandygyny, onuň döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylykdygyny buýsançly belläp geçdiler.