Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Özbegistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet

14-15-nji martda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynda Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň guramagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Onuň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy we «Magtymguly Pyragy — türkmen-özbek dostluk köprüsi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Dabaraly çärä ilçihananyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň, «Türkmenistan» gazetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Salaýew, Türkmen medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy G.Awezdurdyýewa, Özbegistan Respublikasynyň Milletara we daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň barlag merkeziniň ýolbaşçysy S.Döwletowa, DIM-iň wekili S.Sadykow, Garagalpagystan Respublikasynyň Mekdebe çenli bilim ministriniň orunbasary T.Baýjanow, Garagalpagystan Respublikasynyň we Horezm welaýatynyň çäginde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň magtymguluşynas professor-mugallymlary we türkmen talyplary gatnaşdylar.

Özbegistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Hywa şäheriniň çäginde ýerleşýän «Içan kala» ýadygärlikler toplumyna we ol ýerde ýerleşen Magtymguly Pyragynyň bilim alan Şirgazy medresesine hem-de beýleki taryhy ýadygärliklere aýlandylar. Bu ýerde olar Magtymguly Pyragynyň ýaşan we bilim alan otaglary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de Türkmen-özbek wekiliýeti Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynyň «Uly howly» taryhy ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek dostluk öýüniň çäginde oturdylan Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desselerini goýdular.

Özbegistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Soňra myhmanlar «Magtymguly Pyragy — türkmen-özbek dostluk köprüsi» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.

Özbegistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maslahatyň açylyş dabarynda çykyş eden ilçi Ý.Mämmedow häzirki wagtda Türkmenistanda we dünýäniň köp sanly döwletlerinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek we ony halk köpçüligine giňden ýaýratmak, şygarlaryny dürli dillere terjime etmek boýunça işleriň yzgiderli dowam etdirilýändigi barada habar berdi. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly çärelere halkara derejede taýýarlyk görmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, onuň çäklerinde bolsa Özbegistan Respublikasynda hem birnäçe çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp geçdi.

Özbegistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maslahatyň dowamynda çykyş eden magtymguluşynas alymlar we döredijilik işgärleri iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk we ynsanperwer gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Şol bir wagtda, Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň we bu ugurdaky ylmy gözlegleriň netijeleri barada jikme-jik durup geçdiler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döreden şygyrlarynyň diňe bir türkmen edebiýatynda şöhlelendirilmän, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň dillerine, esasan hem, özbek diline has köp terjime edilendigi bellenip geçildi.

Özbegistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Halkara maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Türkmen-özbek dostluk öýüniň golaýynda ýerleşýän hem-de türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýeri bolan «Uly howly» ýadygärligine aýlanyp gördüler.

Özbegistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Iň täze habarlar

Aşgabatda jaz agşamy geçiriler

27-nji aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygynda jaz konserti geçiriler.
SalamNews

Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyry ugradylar

25-nji marta geçilýän gije Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyryny ugradar.
SalamNews

«Aşgabat» seýilgähinde fortepiano sazlarynyň agşamy geçiriler

7-nji aprelde sagat 19:00-da «Aşgabat» seýilgähindäki Medeniýet merkeziniň konsert zalynda fortepiano sazlarynyň agşamy geçiriler.
SalamNews