Sazlamalar

Diller

TM

«Öý ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

SalamNews

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde gurnamagynda  «Öý ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahatyň başynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen 2024-2025-nji ýyllarda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylyk toý dabarasyna «ÝUNESKO» guramasynyň gatnaşmagynda bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky şatlykly buşluk habary seslendirildi. Bu habar maslahata gatnaşanlary diýseň begendirdi.

Maslahatda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň milli merkeziniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Zenan kalby» žurnalynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil-edebiýat we milli golýazmalar inistitutynyň, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýolbaçylary we işjeň agzalary, şeýle hem inistitutyň mugallymlary we saglyk öýüniň lukmanlary täsirli çykyşlar etdiler. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň baş hünärmeni, KA-larynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzasy Gülnabat Akmämmedowa hem bu maslahata gatnaşdy.

Olar maşgalanyň goraglylygy, mukaddesligi, maşgalada kämil nesli kemala getirmek, ondaky gatnaşyklar, maşgala gymmatlygyny berkitmek boýunça kabul edilýän kanunçylyk namalary, olaryň talaplary dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi. Türkmen maşgalasynyň berkligini gorap saklamak ýaly asylly ýörelgäniň öz gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýandygy, ony häzirki wagtda döwrebap derejede dowam etdirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi buýsanç bilen bellenildi.

Iň täze habarlar

Amerikaly sungat ussatlary Türkmenistanda konsert bererler

Daşary ýurtly sungat ussatlary 8 — 15-nji aprel aralygynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde türkmen toparlary bilen bilelikde çykyş ederler.
SalamNews

«Hünärim bar – hormatym bar»: Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň bäsleşigi jemlendi

«Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
SalamNews

Şu hepdäniň dowamynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty bilen tanyş boluň!
SalamNews