Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

26-njy ýanwarda Mary welaýatynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. Bellenişi ýaly, ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere, şu ýylyň şygaryna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan maslahatlary, söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, aýdym-sazly dabaralary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem 12 — 14-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini, 15 — 17-nji fewralda bolsa EYR-yň ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhammedow hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmäge, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen öňümizdäki çärelere we dabaralara taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, döwlet Baştutany wise-premýere olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.