Şu gün
Aşgabat
21 °C
Ertir
Aşgabat
21 °C
Birigün
Aşgabat
21 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
21 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Keşdelere siňen sungatyň sergisi guraldy

Ogulnur Pirjikowa. «SalamNews».
Jemgyýet / Medeniýet

Şu gün — 17-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keşdelere siňen nepislik» atly sergi we keşdeçi zenanlar bilen duşuşyk geçirildi.

Oňa Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktorynyň orunbasary Aýjemal Baýramowa, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri Täzegül Hapyzowa we Taryh institutynyň kiçi ylmy işgäri Enejan Nazarowa, «Nesil» gazetiniň bölüm redaktory Leýli Gurbanowa, şeýle hem muzeý işgärleri, mekdep mugallymlary, keşdeçilerdir kitaphanaçylar gatnaşdylar.

Keşdelere siňen sungatyň sergisi guraldy

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar keşdeçilik sungaty, onuň nepisligi, gadymylygy, inçe syrlary barada gürrüň etdiler. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy we müdimi mirasymyz bolan keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen, bu senediň adamzat gymmatlyklarynyň birine öwrüljekdigi nygtaldy.

Keşdelere siňen sungatyň sergisi guraldy

Muzeýde guralan wagtlaýyn we hemişelik sergileriň esasyny XIX — XX asyrlara degişli, gaznada aýawly saklanýan, «goçak», «para», «tegbent», «gülýaýdy» nagyşlary bilen bezelen, ýüpekdir ýüňden taýýarlanan gyzyl, ýaşyl kürteler, «barmak», «çaňňa» ýaly ajaýyp nagyşly ýelek başatgyjy, ýaşyl çyrpylar, orta ýaşly zenanlaryň sary çyrpylary, kümüş saçly eneleriň ak çyrpylary düzýär.

Keşdelere siňen sungatyň sergisi guraldy

Şeýle hem basma usulynda bejerilen «erikgül», «almagül», «tegbent» nagyşly çabytlar, gök, ýaşyl begresdir donlar, köjeme usulyndaky baldyz çäkmeni sergini baýlaşdyrýar. Sergidäki çaga egin-eşiklerinden kirlikler, kürtekçeler «daragt», «toýnuk», «okgözi» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir. Hojalyk esbaplary üçin ulanylýan torbalardyr örtgüleriň dürli görnüşleri sergide görnükli orun eýeleýär.

Mundan başga-da, sergi diwarlyklarynda türkmen gelin-gyzlarynyň we milli öý hojalyk esbaplarynyň keramiki heýkelleri ýerleşdirilipdir.

Keşdelere siňen sungatyň sergisi guraldy

Iň täze habarlar

Reper Kanye West Parižde gizlin lybas görkezilişini guraýar

Amerikaly meşhur reper Kanye West düýn «Balenciaga» ady bilen ýaz-tomus kolleksiýasynyň görkezilişini açdy.
SalamNews

Kalby ýazly, ylhamy daşgynly şahyr Gurbanýaz Daşgynowy ýatlap

Şu gün — şahyr Gurbanýaz Daşgynowyň doglan güni.
Ogulnur Pirjikowa. «SalamNews».