Şu gün
Aşgabat
21 °C
Ertir
Aşgabat
21 °C
Birigün
Aşgabat
21 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
21 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

Ogulnur Pirjikowa. «SalamNews»
Jemgyýet / Medeniýet

Şu gün — 20-nji awgustda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr, hakydalarda baky orun alan aýdymlaryň awtory Geldimuhammet Bäşiýewiň doglan güni.

Ol 1938-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Deşt obasynda dünýä indi. Orta bilimi 1945-nji ýylda ilki öz obasyndaky18-nji ýedi ýyllyk, soňra Nohur obasynyň 15-nji sekiz ýyllyk mekdebinde alýar. 1956 — 1962-nji ýyllar aralygynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty bölüminde okaýar.

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

Onuň radioýaýlymlarda çykyş etmek höwesi talyp ýyllaryndan başlaýar. Ol uniwersitetde okap ýörkä radioda diktor bolup işlemek isleýän talyplaryň arasynda bäsleşik yglan edilýär. Labyzlydan mylaýym sesli şahyr onda ýeňiji bolmagy başarýar we heniz okuwyny tamamlamanka 1959-njy ýylda şahyr, alyp baryjynyň zähmet ýoly başlanýar. Ol radioda diktorlyk wezipesinde işläp başlansoň, hünärini ýokarlandyrmak üçin Moskwa şäherine okuwa iberilýär. Zehinli şahyr ol ýerde meşhur rus diktory Lewitandan tälim alýar.

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

Şeýlelikde, hünär ykbala, ykbal bolsa aýdyma öwrülýär. Has takygy, şondan soň ol tä ömrüniň ahyryna çenli, ýagny 43 ýyllap türkmen radiosynda zähmet çekýär. Hem şahyr, hem diktor hökmünde türkmen edebiýatynda we milli radioýaýlymynda bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp, «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» hormatly adyna mynasyp bolan Geldimuhammet Bäşiýew 2002-nji ýylyň 30-njy iýulynda aradan çykdy.

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

Häzirki wagtda ata kesbini dowam etdirýän, «Çar tarapdan» radioýaýlymynyň alyp baryjysy, şahyryň diktor gyzy Mähri Halnepesowa bilen Geldi Bäşiýewiň doglan gününiň öňüsyrasynda söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi:

— Kakamyň döredijiligi aglaba türkmen tebigatyna bagyşlanýar. Onuň «Mekany daglar», «Daglara bar», «Seýle gelseň bu daglara», «Ýör, gideli daglara!», «Gaýalar», «Çeşmeler», «Çeşmejik» ýaly daglar, dag tebigaty barada ýazan goşgulary hem muňa mysaldyr.

Çeşmeler

Çeşmeler — daglaryň kümüş seçegi,
Çeşmeler — daglaryň açyk saçagy.
Şol saçaga tagzym eden gerçegi,
Gözbaşyndan suwa ýakar çeşmeler.

Çeşmeler, çeşmeler akar çeşmeler,
Teşne jana gandu-şeker çeşmeler.

Kakamyň döredijiliginde ýer alan ýene bir tema aýdyma, saza, bagşy-sazandalara bagyşlanan goşgular toplumydyr. Olardan iň meşhurynyň «Dutarym» goşgusydygyny bilýänsiňiz. Ol häli-şindem metbugat sahypalarynda, tele we radioýaýlymlarda höwes bilen okalýar. Şeýle hem bu mowzukda onuň «Nurberdiň ýoly», «Çuwal sen», «Üç ussada», «Diňle, dostum!», «Pürli Sary saz çalanda», «Dutaryň owazy», «Han ogly», «Bagşy sen», «Jepbar sen», «Mylly aganyň dutary», «Nobat bagşyň zürýady», «Bilbil owazy», «Sary bagşy barada ballada», «Annageldiň gyjagy» ýaly goşgularyny görkezmek bolar.

Kakam diňe bize däl, bütin halka şeýlebir uly hazynany — ölmez-ýitmez goşgularyny miras goýdy. Hatda şu pursatda onuň gyzydygyma, onuň kesbini dowam etdirijidigime juda buýsanýaryn.

Geldi Bäşiýew «Käkilik» goşgusyny 1974-nji ýylyň iýul aýynyň 25-ine Goraty dag çeşmesine dostlary bilen dynç almaga gidenlerinde ýazypdyr. Onuň sözlerine aýdym döreden Ata Ablyýew bu barada şeýle ýazýar:

— Geldiniň käkiligi taryplaýşy üýtgeşik. Diýseň owadan dag jandaryna şeýle belet bolmak, ony şeýle çeper suratlandyrmak her ýetene başartmaz. Onuň goşgulary aýdyma çalym edip duransoň, olara aýdym döretmek ýeňil hem-de ýakymly.

Käkilik

Arzuw eýläp çyksaň belent daglara,
Sabry-kararyňy alar käkilik.
Mesgen tutup ýatsaň bulak başynda,
Saýraý-saýraý suwa geler käkilik.

Silkinjiräp kümüş perin daranda,
Aýak çekmez ýorgalanda, ýörände,
Höwründen azaşyp zaryn saýranda,
Söýgüliňi ýada salar käkilik.

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň durmuşy hazynasyndan hem şahyr barada ýazylan jümlelere gabat geldik:

— Geldi Bäşi — hakyky şahyr. Onuň kakasy meniň dostum. Gadymy goşgulardyr gazallary köp bilýärdi, olary diýseň labyzly okaýardy. Bäşi mugallymlaryňkyda köp gezek myhman boldum. Megerem, Geldä zehinlilik kakasyndan geçen bolmaly.

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedow:

— Şowly çykan aýdymlarymyň köpüsini Geldiniň sözlerine döretdim. G.Ezizow bilen bilelikde Geldi Bäşiýew meniň esasy ýykgyn edýän şahyrymdyr.

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

Şahyryň goşgulary döwürleýin neşirlerde seýrek çap edilipdir. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow Geldi Bäşiýewiň özünden munuň sebäbini soranda, şahyr o diýen gazet-žurnallara goşgularyny bermäge wagtynyň ýokdugyny aýdar eken. Hatda onuň 1995-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda «Çal, bagşy, çal, ýene-de çal sen» ady bilen «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen goşgular toplumy hem Täçmämmet aganyň haýyşy bilen redaksiýa iberilen eken.

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

Biwagt aradan çyksa-da, ussat şahyryň goşgulary aýdyma öwrülip, halkymyzyň kalbynda, geljekki nesillerimiziň ykbalynda ömürlik ýaşajakdygyna berk ynanýarys.

Geldimuhammet Bäşiýewiň ilkinji goşgular ýygyndysy aradan çykanyna 11 ýyl geçenden soň, 2013-nji ýylda «Çynarym» ady bilen çap edildi.

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

«SalamNews-yň» döredijilik toparynyň adyndan halypa şahyryň doglan gününiň 84 ýyllygy bilen onuň agzybir maşgalasyny, mähriban ýanýoldaşy 80 ýaşy arka atan Ogulabat ejäni tüýs ýürekden gutlaýarys.

Geldimuhammet Bäşiýew — kärini ykbalyna öwren halypa

«Aşgabat hakynda aýdym»

Seýle çyksam köçelerňe Aşgabat,
Sallanyşýan gelin-gyzlaryň bardyr.
Göwünler mülküniň daýym köşgi abat,
Säherler ýaňlanýan sazlaryň bardyr.

Waspyň beýan etsem joşar ýüregim,
Türkmeniň paýtagty — sensiň geregim.
Ileriň Köpetdag, gaýraň Garagum,
Garagumda guba gazlaryň bardyr.

Görküň bezegidir howaly baglar,
Belent ymaratlar — tämiz otaglar,
Sende ömür sürseň hoş geçer çaglar,
Bilbil şeýda eden ýazlaryň bardyr.

Aşyklar şährine aşyk men başdan,
Çar paslyň bahardyr, nam ýokdur gyşdan,
Myhman gelse saňa ýakyndan-daşdan,
Supra ýaýsaň, halal duzlaryň bardyr.

Iň täze habarlar

Reper Kanye West Parižde gizlin lybas görkezilişini guraýar

Amerikaly meşhur reper Kanye West düýn «Balenciaga» ady bilen ýaz-tomus kolleksiýasynyň görkezilişini açdy.
SalamNews

Kalby ýazly, ylhamy daşgynly şahyr Gurbanýaz Daşgynowy ýatlap

Şu gün — şahyr Gurbanýaz Daşgynowyň doglan güni.
Ogulnur Pirjikowa. «SalamNews».