Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet

16-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda, Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran gyzjagazlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan gyzjagazlar birinji şert boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirdiler. Ikinji şertde bolsa gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etdiler. Şeýle-de bäsleşige gatnaşyjylar öz ýaş aýratynlygyna görä, milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde başarnyklaryny üçünji şertde görkezdiler.

Bäsleşik zehinli çagalary ýüze çykardy. Şeýlelikde, «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Baş baýraga Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Akpamyk Satlykowa, 1-nji orna Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogulnäzik Döwletowa, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jahan Jumadurdyýewa, 3-nji orna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Fatima Orazgeldiýewa mynasyp boldular.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Iň täze habarlar

Aşgabatda jaz agşamy geçiriler

27-nji aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygynda jaz konserti geçiriler.
SalamNews

Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyry ugradylar

25-nji marta geçilýän gije Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyryny ugradar.
SalamNews

«Aşgabat» seýilgähinde fortepiano sazlarynyň agşamy geçiriler

7-nji aprelde sagat 19:00-da «Aşgabat» seýilgähindäki Medeniýet merkeziniň konsert zalynda fortepiano sazlarynyň agşamy geçiriler.
SalamNews