Şu gün — 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Hyýaldan hakykata» atly abstrakt sungata bagyşlanan döredijilik sergisi açyldy.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygy Akmyrat Muhadow we beýleki halypa suratkeşler çykyş etdiler.

Çarymyrat Ýazmyradow öz çykyşynda:
— Abstrakt sungatyň 3 ugruna — predmetli, predmetsiz we hyýaly görnüşlerine degişli eserler her kimde özboluşly duýgy-düşünjeleri döredýär. Olarda her kim özüni açýar.
Görşümiz ýaly, milli şekillendiriş sungatymyzyň kämil mekdebi kemala geldi we ol mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen suratkeşleriniň eserlerini islendik döwlete baryp, buýsanç bilen sergiläp bileris — diýip belläp geçdi.
Şeýle hem çykyş edenler hyýaly abstrakt sungatynyň aýratynlyklary, onuň ulanylyşy, özboluşly beýan ediliş usullary barada gürrüň berdiler. Adamzat döräli bäri, gündelik durmuşymyzda ulanylýan bu sungat XX asyrda has-da ýokary derejede ösüpdir. Bu sungat stilinde çekilen suratlar bir manyny beýan etmeýär. Çünki her kim oňa seredip, görmek islän zadyny görüp bilýär. Abstrakt — gipoteza, ýagny çaklama bilen çekilen suratlardyr.

Soňra guramaçylar tarapyndan ýakynda Ýewraziýa halklarynyň wekilleriniň hem-de türkmen suratkeşleriniň gatnaşmagynda guralan «Turan romantizmi» atly halkara onlaýn sergi bäsleşiginde ýeňiji bolan suratkeşler sylaglandy.
Sergä ýurdumyzyň 170-den gowrak suratkeşleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary gatnaşyp, onda 370-den gowrak eserler görkezildi.

Sergä Gunça Kömekowa «Täze dörän söýgi», Oguljennet Mollaýewa «Wagt», Berdi Çaryýew «Maksadyňa ýetmegiň syrlary», Çarymyrat Ýazmyradow «Öwüşginler», Berdi Hajyýew «Irki güýz», Azat Myradow «Käbe», Meret Gylyjow «Gyzykly kitap», Bahar Bakyýewa «Söýgi mukamy», Mähri Garahanowa «Gyz», Azat Tuwakow «Damja», Nurana Bazarowa «Ýaz», Orazgylyç Öwezow «Jülge», Selbi Nurlyýew «Gor küýze», zergär Altynjemal Rejepnurowa «Goçaklar», Muhammet Koşaýew «Mähirli guşlar» atly eserlerini hödürlediler. Şeýle hem sergide el torbalary, zergärlik işleri, dürli usulda döredilen heýkeller hem görnükli orun eýeledi.
Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzda abstrakt sungata bagyşlanan bu sergi ilkinji gezek geçirildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň skripkada ajaýyp sazlary ýerine ýetirmekleri sergä gatnaşyjylara ýene bir ýakymly sowgat boldy.

Sergi 5-nji fewrala çenli dowam eder. Ondan taýýarlanan fotoreportažymyzy hem synlap bilersiňiz.
