Şu gün — 24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Kaliforniýanyň J.Pol Getti muzeýiniň gadymy ýadygärlikleri dikeltmek boýunça ýokary derejeli hünärmeni Sýuzanna Gýanzikiň çykyşy boldy. Çäre gadymy Merwden tapylan V asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň ýagdaýyny öwrenmek, ony gorap saklamak we dikeltmek boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde geçirildi.
Duşuşygyň başynda muzeýiň direktory Meretgeldi Çaryýew giriş sözi bilen çykyş etdi:
— J.Pol Getti muzeýiniň tejribeli hünärmenleri heýkeliň dikeldiş işleriniň 1-nji tapgyryny ýerine ýetirmäge Aşgabada geldiler. Olaryň esasy işi buddanyň kellesiniň 3D görnüşini döretmekden ybarat bolar.

Soňra direktor hormatly myhman Sýuzanna Gýanzige söz berdi.
Ol türkmen muzeýi bilen buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamak we dikeltmek boýunça hyzmatdaşlygyň üstünde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryp, J.Pol Getti muzeýiniň taryhy, Gettiniň kimdigi, nähili işler bilen meşgullanandygy, özleriniň laboratoriýasy, ýer titrände eksponatlara ýetjek zeperlenmelerden goranmak barada gürrüň berdi.

Şeýle-de duşuşykda gadymy Merwden tapylan V asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň ýagdaýyny öwrenmek, ony gorap saklamak we dikeltmek üçin iň oňat usullary kesgitlemegiň zerurdygy bellendi.
Duşuşygyň ahyrynda hünärmen bilen gatnaşyjylaryň arasynda söhbetdeşlik boldy. Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar.
Şeýle hem Sýuzanna Gýanzik sözüniň ahyrynda gözel Aşgabada gelmek bagtynyň nesip edendigi üçin hoşaldygyny belläp, türkmen gyz-gelinleriniň ajaýyp lybaslarynyň tarypyny ýetirdi.

Ýadyňyzda bolsa, ozal Kaliforniýanyň J.Pol Getti muzeýiniň hünärmenleri Sýuzanna Gýanzigiň, Fabio Kolombonyň hem-de Juzeppe Saleminiň Aşgabat şäherine gelendikleri barada habar beripdik.
Saparyň çäginde Kaliforniýanyň J.Pol Getti muzeýiniň hünärmenleri Türkmen döwlet medeniýet institutynda umumy sapak bererler. Şeýle hem tejribeli hünärmenler Türkmen halysynyň milli muzeýine we ýurdumyzyň beýleki gadymy taryhy-medeni ýadygärliklerine baryp görerler.
