
Paleontolog Harşa Dhimanyň ýolbaşçylygyndaky hindi paleontologlar topary Hindistanyň Dhar etrabynda titanozawr ýumurtgalaryny tapdy. Bu barada «New Science» partaly habar berýär.
Habarda bellenişine görä, biri-birine meňzemeýän ýumurtgalaryň hersi bir ölçegde. Olaryň köpüsi bitin bolsa-da, käbirleri döwlüpdir.
Hindistanda ilkinji gezek Narmada jülgesinde titanozawrlaryň süňkleri we ýumurtgalary tapylypdy. Bu gezek bolsa gözlegçiler Madhýa-Pradeşiň Dhar etrabynda titanozawrlaryň 256 ýumurtgasyny ýüze çykardylar. Alymlar olaryň titanozawrlaryň dürli görnüşine degişlidigini anykladylar. Emma ol ýerde hiç hili titanozawryň süňklerini tapyp bilmändirler. Alymlar munuň sebäbini şeýle düşündirýärler:
— Geçirilen ençeme derňewlere görä, bu ýerde 67-68 million ýyl ozal howuz ýa-da köl bolandyr. Titanozawrlar bu ýere diňe köpelmek üçin gelip, özleri başga bir ýerde ýaşandyrlar. Ýa-da bolmasa, süňkler topragyň has aşagynda galan bolmagy hem mümkin. Ýeri gelende, titanozawrlaryň galyndylarynyň aglabasynyň Günorta Amerikada tapylandygyny bellemek gerek.
Titanozawrlar dinozawrlaryň uzyn boýly, ot bilen iýmitlenýän görnüşidir. Olar ýer ýüzünde mundan ençeme million ýyl ozal ýaşapdyrlar. Alymlar öňümizdäki aýlarda bu ýerden titanozawr dişlerini we süňklerini gözlemegi meýilleşdirýärler.