Sazlamalar

Diller

TM

Talyplaryň arasynda fotožurnalistika bäsleşigi yglan edilýär

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet
Talyplaryň arasynda fotožurnalistika bäsleşigi yglan edilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, şeýle hem «Salam» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany» atly fotožurnalistika boýunça bäsleşik yglan edilýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän bu bäsleşigiň düzgünnamasyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany» atly fotožurnalistika bäsleşigini guramak we geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap žurnalistikany ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji fewralynda hem-de 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda internet žurnalistikasyny, fotožurnalistikany ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, talyp ýaşlarda öz hünärine bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, şeýle hem «Salam» hojalyk jemgyýetiniň («SalamNews») bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany» atly fotožurnalistika bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlandy.

1.     Umumy düzgünler

Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany» atly fotožurnalistika bäsleşigini (mundan beýläk — bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda fotožurnalistika bäsleşigini geçirmek Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçýän şertlerinde ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalary ulanmakda zehinlerini we başarnyklaryny açyp görkezmekde ukyplydygyny görkezer.  

Bäsleşikleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.

Bäsleşigiň  maksady:

a) hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli parahatçylyk dörediji daşary syýasy başlangyçlarynyň netijesinde Bitarap Türkmenistanyň ýeten ýokary halkara abraýyny şöhlelendirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady depginini fotosuratlarda, şekillerde şöhlelendirmek, teswirlemek;

b) hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky beren tabşyrygy esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika we beýleki hünärlerde okaýan talyplarynyň arasynda internet žurnalistikasyna we fotožurnalistika bolan garaýyşlaryny, aň-düşünjelerini giňeltmek, ösdürmek bilen bir hatarda, tebigata, ýurdumyza, geçmiş taryhymyza hormat-söýgini döretmek;

ç) fotožurnalistikanyň fotoreportaž, fotooçerk, fotokorrespondensiýa  we beýleki žanrlarynda surata düşürmek endiklerini kämilleşdirmek;

d) žurnalistikanyň täsirli görnüşi bolan fotožurnalistikany ösdürmek;

e) talyp ýaşlarda öz kärine bolan höwesini, hakyky fotosuraty düşürmek ukybyny ösdürmek;

ä) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary berkitmek we hünärine garamazdan, islendik talypda fotožurnalistika bolan ukybyny ýüze çykarmak.

Bäsleşigiň wezipesi:

a) hünärine ökde, ussat hem-de höwesjeň fotožurnalistleri taýýarlap ýetişdirmek;

b) häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan gyzyklanmany döretmek;

ç) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;

d) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.

Bäsleşige ugradylýan suratlar şular esasynda bahalandyrylar:

  • bäsleşige ugradylan suratyň çarçuwasyna girýän desgalar;

  • suratyň çarçuwasyna ýerleşdirilen paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi;

  • suratyň tema bilen sazlaşygy;

  • bäsleşige ugradylan suratyň reňk sazlaşygy;

  • suratyň reňk öwüşginleri;

  • düşürilen suratyň aňladýan belli bir garaýşy we manysy;

  • suratyň düşüriliş tarapy. 

2. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

2.1. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fotožurnalistika bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk we Eminler topary döredilýär.

Guramaçylyk topary ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fotožurnalistika bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar.

Eminler topary ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan gelip gowşan suratlary bellenen talaplar boýunça adalatly bahalandyryp, ýeňijileri kesgitleýär.

3. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

3.1. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlarda, hünärlerde ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

3.2. Her bir gatnaşýan talyp hgi.hzdek@gmail.com elektron salgysy arkaly hasaba alynmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak 2022-nji ýylyň 14-nji noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda dowam edýär.

3.3. Bäsleşik I we II derejede geçiriler:

a) I derejä žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler;  

b) II derejä islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

3.4. Bäsleşige hödürlenjek suratlaryň temalary:

a) «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany»;  

b) «Bütin dünýä şugla saçýar ak mermerli Aşgabat»;

ç) «Tebigat — biziň öýümiz».

3.5. Bäsleşige gatnaşýan talyp bellenen internet sahypasyna öz salgylanmasyny ugratmaly; ugradan salgylanmalaryna her bir gatnaşyja belli bir ID belgisi, mysal üçin: 001 belgisi berler we şol ID-ni suratyň adyna ýazyp, öz düşüren suratyny ugratmaly. Eger dalaşgär diňe 1 surat hödürleýän bolsa, 001.JPG görnüşde, eger birnäçe surat hödürleýän bolsa, ID belginiň yzyna hödürleýän surat sanyna görä belgi goýup ugratmaly. Mysal üçin: 001_1.jpg, 001_2.jpg, ............. 001_5.jpg görnüşinde hgi.hzdek@gmail.com elektron salgysyna we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna CD/DVD disklerine ýükläp ugratmaly.

3.6. Bäsleşige gatnaşýan talyp suraty özbaşdak düşürmeli, göçürilen bolmaly däl. Surat awtoryň özi tarapyndan tabşyrylmaly, eger-de surat plagiat bolan ýagdaýynda bäsleşikden aýrylar.

3.7. Bäsleşige gatnaşýan talyp bäsleşige birnäçe surat hödürläp biler. Hödürlenýän suratlar guramaçylyk toparynyň hgi.hzdek@gmail.com elektron salgysyna 2022-nji ýylyň 3-nji dekabryna çenli ugradylmaly. Bäsleşige hödürlenýän suratlar ozal hiç ýerde çap edilmedik ýa-da ýerleşdirilmedik bolmaly.

3.8. Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümi ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň wekillerinden, halypa fotožurnalistlerden düzüler. Eminler toparynyň düzümini we onuň başlygyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory tassyklaýar.

3.9. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär. 

3.10. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen eminler toparyna elektron salgy arkaly ýüz tutup bolar.

3.11. Arz-şikaýatlara eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.

4. Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

4.1. Bäsleşigiň netijesi eminler tarapyndan toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.

4.2. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.

4.3. Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III ýerler (1-nji we 2-nji derejeler boýunça) diplomlar, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.

4.4. Bäsleşikde baýrakly orna mynasyp bolup bilmedik, ýöne baýrakly orunlara dalaş eden fotosuratlar höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanar.

4.5. Ýeňijileriň fotosuratlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynda, https://salamnews.tm saýtynda ýerleşdiriler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlary (talybyň ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw mekdebi, okaýan ýyly we hünäri, telefon belgisi) we bäsleşige tabşyryljak fotosuratlar institutyň hgi.hzdek@gmail.com elektron salgysy arkaly kabul etmek 2022-nji ýylyň 14-nji noýabryndan başlap, 3-nji dekabryna çenli amala aşyrylar.

Habarlaşmak üçin:

Tel: (+993 12) 22-68-52.

Elektron salgy: hgi.hzdek@gmail.com

Iň täze habarlar

Hindistanda 250-den gowrak titanozawr ýumurtgasy tapyldy

Paleontolog Harşa Dhimanyň ýolbaşçylygyndaky hindi paleontologlar topary Hindistanyň Dhar etrabynda titanozawr ýumurtgalaryny tapdy.
SalamNews

Peris Hiltonyň ilkinji perzendi dünýä indi

Meşhur aktrisa we model Peris Hilton bilen onuň adamsy Karter Reum ilkinji gezek ene-ata bolmak bagtyna eýe boldular.
SalamNews

Aşgabat şäherindäki teatrlaryň hepdelik repertuarlary

27 — 29-njy ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibini dykgatyňyza ýetirýäris.
SalamNews