Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabatda ermeni kompozitorynyň eserleri ilkinji gezek ýaňlanar

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet
Aşgabatda ermeni kompozitorynyň eserleri ilkinji gezek ýaňlanar

8-9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly konsertiň ilkinji görkeziliş agşamlary geçiriler.

Onda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalar toparyna «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, dirižýor Resul Gylyjow çeper ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem konsertde solistler Maýsa Niýazowa, Döwran Şammyýew, Nury Nuryýew, Kakajan Haldurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow çykyş eder.

Konsertler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň guramagynda geçiriler. Olar sagat 19:00-da başlanar.

Konsertlerde meşhur ermeni kompozitory, pianinoçy Arno Babajanýanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazlara, şeýle hem onuň eserlerine aýratyn orun berler.

Dirižýor Resul Gylyjow ermeni kompozitory barada şeýle gürrüň berdi:

— 1921-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde dünýä inen kompozitor, pianinoçy, mugallym Arno Babajanýan «Gözellik şa zenany», «Gök Taýga», «Meniň bilen gal», «Çarhy-pelek», «Sazymy gaýtar»,  «Ýerdäki iň gowy şäher», «Ilkinji söýginiň aýdymy», geçen asyrdan bäri halkyň ýüreginde ýer eýelän «Noktýurn» sazlarynyň we başga-da ençeme nusgawy, simfoniki eserleriň awtorydyr.

8-nji oktýabrdaky konserte giriş tölegsiz bolar. 9-njy oktýabrda gaýtadan görkeziljek konsertiň peteklerini almak üçin aşakdaky belgiler arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

  • (+993 63) 46-71-77;

  • (+993 61) 33-88-29;

  • 27-38-98.

Iň täze habarlar

Aşgabatda ikinji klimat eko-festiwaly geçiriler

Festiwal sagat 12:00-da başlanar.
SalamNews

Balkan welaýatynda geçirilen döredijilik simpoziumy üstünlikli tamamlandy

Çäre Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
SalamNews

29-njy oktýabrda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň açylyş dabarasy bolar

Ýakynda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň meýilnamasy tassyklandy.
SalamNews